Hindistanly işçi bahasy 100 müň dollar bolan gymmatbaha daş tapdy
Hindistanda işçi kärendesine alan käninde agramy 19,22 karat bolan almaz daşy tapdy, ol 100 müň dollar bahalanýar diýip, CNN teleýaýlymyna salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
40 ýaşly Raju Gauda bergilerini üzlüşip bilmän kösenýärdi hem-de hökümetden şowlulyga umyt edip, magdan alynýan käni kärendesine aldy. Onuň hasaby dürs çykdy: Gauda gymmat daş tapdy.
Daşy ol kiçi dogany bilen ýerli häkimiýetlere eltdi, oňa indi almaz söwda-satyg auksionynda satylandan soňra, girdejiniň köp bolegi tölener.
Gauda ilki düşen serişdelerini bergilerini üzlüşmek üçin sarp etjekdigini, soňra maşgalasy üçin alada etjekdigini, ýer satyn almakçydygyny gürrüň berýär.