garlawac
01.08.2024 00:48

Keç ykbaly aýdym bilen bezedim,
Güller bilen arzuwlarmyň mazaryn.
Ulus-ile ýuwaş sesde aýtdym,
Nesibede ýok zatlaryň azaryn.


Söýdüm öz jepakeş, ýuwaş halkymy,
Halkyň söýgüsinem küýsedim örän.
(Bu gowgaly hem mähriban dünýede,
Biziň hemmämizem söýgüden dörän).


Söýdüm diňe ezýetine gyýylyp,
Boldum, mydam jepasynyň şärigi.
Şeýle yhlas bilen akylly heleý
Söýýändir öz infarktly ärini.


Düşünmedi garny ýogyn nadanlar
Uly söýgä ykbalymy gatanma.
Barybir, men öz-özüme aýtdym,
Ştatlara çalyşmaryn Watanmy
16
64
ATOMIC
1 Awgust 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.