D.S
31.07.2024 10:52

Hakyky hekaýa!  

 Ýaponiýada bolan ýer titremede halas ediş topary ýaş aýalyň ýaşaýan ýerindäki harabalygyna barýar.

Harabalygyň arasynda aýalyň jesedini tapýarlar.  Aýalyň harabalygyň aşagyndaky ýagdaýy biraz täsindi, ellerinde bir zat tutup işläp durka, dyzyna çöken ýaly.

Şol wagtam jaý onuň üstüne ýykylan ýaly. Halas ediş torynyň üolbaşçysy diri bolup biler umydy bilen aýalyň ýanyna barmaga synanyşýar ýöne gynansak-da aýal eýýäm ölüpdir.

Topar ol ýerden, başga bir harabaçylyga geçjek bolanda, birden toparyň ýolbaşçysy açylan deşikden aýalyň jesediniň aşagyna seredip gygyrýar!

"Çaga!.. Çaga bar!". Topar uzak wagtlap işlänsoň, ölen aýalyň aşagynda gülli ýorganyň içinden 3 aýlyk bäbek tapýar. Iň soňky hereketi bilen aýal çagasyny halas etmek üçin bedenini galkan hökmünde ulanypdyr.

Topar çaga ýetende, çaga henizem uklaýan eken. Lukman çalt gelip çagany barlaýar. Ýorgany açanda, içinden telefon tapýar. Ekranda ýazylan bir hat çykýar. Hatda şu sözler bar:

"Eger halas bolan bolsaň, seni söýýändigimi ýadyňdan çykarma!"


Eger Bir perişdäni gujaklamak isleseňiz ejeňizi gujaklaň...

45
318
crafty
6 Awgust 2024
@halil_, su waka shol telefonly yeri ucin aydylyan bolaymasa. Chagasyny goran bashga kandir... (meñ pikirim)
laramx
6 Awgust 2024
🥺☹️
halil_
4 Awgust 2024
Men bu wakaň Cyn bolanyna ynanyan, bolandyr yöne sonyndaky telefonly yerjagaş mň pikrimçe duzulenmika diyyan:))
awcy
4 Awgust 2024
11.18
beghanym
31 Iýul 2024
👍
0908070
31 Iýul 2024
😢
Dusia
31 Iýul 2024
🥺♥️
alma___
31 Iýul 2024
👍👍
Karaleva_
31 Iýul 2024
♥️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.