smiling_
27.07.2024 21:41
ABŞ-nyň 94 ýaşly ýaşaýjysy dünýäde iň garry awtobus sürüjisi diýlip ykrar edildi.

Minnesotanyň (ABŞ) 94 ýaşly ýaşaýjysy Jim Oppegard dünýäde iň garry awtobus sürüjisi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Ol şäher jemgyýetçilik ulaglarynda 20 ýyl işländen soň 65 ýaşynda pensiýa çykdy, ýöne dynç alşyň ýürekgysgynç bolandygy sebäpli, ýene awtobus ruluna gaýdyp geldi.
Häzir Jim Oppegard aýratyn bilim zerurlygy bolan çagalar üçin Northstar Bus Lines kompaniýasynda mekdep ulagyny dolandyrýar. Edarada oňa nusga alarlyk işgär hökmünde baha berilýär: Oppegard ruluň başynda örän ünsli, hiç haçan kesel rugsadyny almaýar we gijä galmaýar.
Sürüjiniň üç çowlugy bar. Ol ýaşyny göz öňünde tutup her ýyl lukmançylyk barlagyndan we sürüjilik başarnyklarynyň synagyndan geçýär. Oppegard her gün 45 minutlyk sport bilen meşgullanýar, şol sebäpli hiç haçan öz ýagdaýyndan zeýrenmeýär.
Pensiýa ýaşyna ýetip, Oppegard iki işe ýerleşmegi başardy – şäherara awtobus sürüjisi we mekdep ulagynyň sürüjisi. Ol öz işini tas 20 ýyl şeýle alyp bardy, ýöne 84 ýaşynda ýykylyp, düýpli şikes aldy. Döwükden soň gutulmak üçin dört ýarym aý gerek boldy. Şondan soň ol mekdep awtobusynda işine gaýdyp geldi, şäherara kompaniýadan bolsa çykdy.
Sürüjiniň iş tertibi irden ruluň başynda üç sagatdan, soň üç sagatlyk dynç alyşdan we gündiz ýene dört sagat sürmekden ybarat. Ol garrylar öýünde ýaşaýar we arakesme wagty şol ýerde saklanýar.

“Rekord eýesi bolmak ýakymly. Meni ýaşaýan ýerimde, işleýän ýerimde, buthanada we maşgalamda meşhur hasaplaýarlar” – diýip, Oppegard aýdýar.


Çeşme: tmcars.info (20.07.2024)
24
52
stella_🖤
27 Iýul 2024
Bu adam trafik kazasindan öldü deseler hiç şaşirmiýçam😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.