Miss_Minnosh❤️
27.07.2024 00:58
Owadanlyk bagtmy?! Bir gezek mugallym bütin synpa ”Gözellik nämedir?” diýen soragy
berdi.Talyplaryň kimisi güli, kimisi ýaşaýyşy, kimisi söýgüni, kimisi bolsa aýdym sazy gözellik hasaplaýar. Emma olaryň aglabasy gözellik diýlende, ilki bilen, owadan gyzlary göz öňüne getirýändigin aýtdylar.
Köpler owadana gyzlaryň tebigy gözelligini bagtlylyk hasaplaýarlar. Mümkin bu şeýledir! Sebäbi töwerekdäklerden saýlanyp bilmek “bagty” her kime miýesser edenok. Ýöne üýtgeşik owadan gyzlar,dogrudan hem, bagtlymyka? Bu soraga her kim üçin gyzykly bolsa gerek. Siz haçanda bolsa bir wagt owadan gyzlaryň ýerine özüňizi goýup, olaryň pikirlerini, nirede, nähili hereket etmelidiklerini baradaky aladalary, töwerege garaýyşlary barada pikirlenip gördüňizmi? Eger-de pikirlenip gören bolsanyz, aýratyn görk-görmege eýe bolmagyň juda bir bagtylyk däldigine göz ýetirersiňiz.
Ine, aýdalyň, siz owadan gyz. Köçä çykýarsynyz. Aňyrsy birnäçe minutdan köpler nazary sizde jemleýär. Siz muny duýýarsynyz. Emma size aljyramak, özüňi ýitirmek bolonok. Sahna ilkinji gezek çykýan ýaş artist nähili hereket etjegini bilmän dursa, oýunda şowsuzlygyň gutulgysyzdygy ýaly, aljyrasaňyz, töwerekdäkileriň gözüne hökman siziň bir kemçiligiňiz iler. Töwerekdäkiler bolsa owadan gyzda kemçilik bolýandyr öýdýän däldirler. Olar siziň ýöreýşiňizden başlap, geýen köýnegiňize, köwşüňize, hatda göterip barýar torbaňyza çenli aşygyň hyrydar nazary bilen syn edýändirler. Erbet ýerem, ol nazarlaryň içinde her tüýslisi bar. Belki, siz özüňize bakýan hyrydar nazarlaryň içinde birki sany gözgidijileriň hem bardygy barada asla pikir hem edýän dälsiňiz. Siz bu köpdürli bakyşlardan diňe görküňiz ýaly owadan edebiňiz bilen hala bolup bilersiňiz.
Mekdep döwrüm ýadyma düşýär. Bäşinji synpda okaýan döwrümiz synpymyzdaky oglanlaryň ählisi bolup bir gyzy ýagny synpdaky iň owadan, iň “bäşlikçi” gyzy “söýýärdik”. Gizläp nädeýin, şol aşyklaryň içinde men hem bardym. Biziň her günki keýpiköklügimiz ýa göwünçökgünligimiz şol synpdaşymyza baglydy. Şoňa ýaranyp, şondan ýakymlyja söz eşdip bilsek şol gün iň “bagtly ” günümizdi. Emma onuň göwnüne degen ýada onuň bize bize ýakymsyzja bir söz aýdan güni..... Biz käte ikilik alsak hem şonça gynanmazdyk. Şonuň üçin her gün mekdebe gitmezden öňürti penjiräniň öňüne geçip, asmana garap. Şol synpdaşymyzyň özümiz bilen mähirli bolmagyny, beýleki oglanlara yüz bermezligini dileg ederdim. Indi bolsa synpdaş ýigitlerimiziň her biriniň şeýle “dilegleri ” edendigini ýatlap gülüşýäris. Emma synpymyzdaky iň owadan gyzy näçe halaýan hem bolsak, birimiz hem ýüreklenip oňa “söz aýdyp” bilmezdik. Ol bize diňe mähirli ýylgyryş bilen garasa razydyk. Sebäbi iň owadan gyza söz aýdyp bolýandyr hem öýtmezdik...
Bu ulular babatynda hem şeýlemikä diýýärin. Bir bada “ ýüz ýigide özüňi söýdürip, durmuşa çykaňda şolaryň birini bagtly edip, galan togsan dokuzsyny agladyp” bilýän gyzlara, köplenç, halys ýürekden söýen bolmasa, ýigitleriň birem gönüläp söz aýtmaga batyrgaýlanyp bilenok. Çünki olar söýgi bildirip, gyz bilen bolanja gatanaşyklarynyň hem kesilmeginden gorkýarlar.
18
97
yurekurgusy
5 Awgust 2024
Ekizim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.