smiling_
26.07.2024 09:15
Wanganyň 2025-nji ýyl boýunça çaklamasy belli edildi.

Bolgariýaly merhum palçy zenan Wanganyň 2025-nji ýylda ahyrzaman başlanjakdygy barada aýdan çaklamasy belli boldy. Öň palçy zenanyň 2023-nji ýylda ahyrzaman başlanjakdygy barada aýdandygy nygtalýardy, emma onuň palynyň içgin öwrenilmegi bu döwrüň 2025-nji ýylda başlanjakdygyny görkezýär diýip, «Rambler.ru» ýazýar. Emma Wanganyň, hakykatdanam, şeýle çaklama aýdandygynyň hakyky subutnamalary ýok diýlip, habarda bellenýär.

Wanganyň sözlerine görä, «geljek ýyl Ýewropadaky gapma-garşylyk yklymyň ilatyny ýok eder». Ol şeýle-de suwuň dünýä derejesiniň ýokary göteriljekdigini öňünden aýdypdy. Palçy zenanyň çaklamalarynda 2076-njy ýylda kommunizmiň bütin dünýäde ýaýrajakdygy, 2130-njy ýylda adamzadyň başga planetalylar bilen aragatnaşygy ýola goýjakdygy aýdylýar diýip, «New York Post» gazeti ýazýar.


Çeşme: tmcars.info (12.07.2024)
26
261
jemal_seyitniyazowa
28 Iýul 2024
🤦🏻‍♀️
Arslan_Alaýew
26 Iýul 2024
Köp çaklamalary dogry çykdy häzirki durmuş ýagdaýda 1 sagatdan näme boljagyny hiç kim bilmeýä
ATOMIC
26 Iýul 2024
Şu Wanga görgüli 2007 nji ýylda rak keseli aýrylýa diýdi, diýipdiler. Belki diýendirem ýalňyş çykandyr. Nä bileýindä😁. Wangaň suratyny goýup Wanga eý diýdi, Wanga beý diýdi diýip ýazaýýalar.
flowers_
26 Iýul 2024
Häzir 1minutdan näme boljagymyz belli dal.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.