guli05
09.07.2024 11:26

Birden kakasy girdi otaga,gyzyna ýüregini bagyşlamak isleýän biriniň tapylandygyny buşlamakçydy.Ýöne ýaş gyz eýýäm uka gidipdi.Bir perişdäni ýadyňa salýan mähirli ýüzi,söýeniniň hasratyndan ezilipdi…

Şol gije biri bu äleme ebedi gözüni ýumupdy, ýaş gyz bolsa bejergi otagyna alynypdy.Öz işini ýerine ýetirmeýän ýüregi çalşylypdy.

Bir hepde soňra ýaş gyz täzeden bu dünýä gözlerini açdy.Ýöne dünýä oňa üýtgeşik göründi.Birhili bir zatlar kem ýalydy…

Aradan aýlar geçdi,ýaş gyz gowy sagalypdy.Ýöne içindäki buruklygy näme etse-de atyp bilenokdy.Söýeni ýadyna düşende,ýüregi öňküsindenem beter syzlaýardy.”Bir gezek, bir gezejik görüp bilsedim” diýip pikir ederdi.

Ýüregi ýene syzlamaga başlapdy. Kalby ony gowulaşdyrypdy,ýöne nämede bolsa her agşam ýüregi birden çaltlanardy,ony ukusyndan oýandyrardy we ýerinden çykjak ýaly urup başlardy.

Ýaş gyz bir many berip bilmedigi bu ýagdaýy lukmana gürrüň berdi.Lukman:”Bejergi aňsat bolmady,bir aýdan soň geçer” diýdi.Aýlar geçdi,ýöne ýagdaý häzirem şeýledi.Howlusynda ösüp oturan bägülleriň ýanyna giderdi.Her gün sagatlap olar bilen derdini paýlaşardy.Arasynda olar bilen aglaýardy,gülýärdi.Iň köpem gyp-gyzyl bägülleri söýýärdi.Sebäbi gyzyl gülüň onuň üçin aýry bir ýeri bardy.Ol hem ýaş gyz bilen bile gülýärdi,onuň bilen bile aglaýardy.Gyz ony söýenine meňzedýärdi.Söýenini görende,bu gülüni oňa sowgat berjegine kasam edipdi.Başga hili hiç kim bilen paýlaşyp bilmezdi gülüni.

Birden gapy kakyldy.Gapyny açdy,ýöne hiç kim ýokdy. Gözi ýerdäki ak bukja ilişdi.Ýuwaşlyk bilen egilip,bukjany ýerden galdyrdy.Birdenem ýüregi öňküdenem çalt urmaga başlady.Näme bolýanyna düşünmedi.Bukjanyň üstünde ne bir at,ne-de bir salgy bardy.Bukjany açdy,içinden ak kagyza ýazylan bir hat çykdy.Ýüregi ýene tiz urmaga başlady.Onuň ysy bardy kagyzda.Bu hatda ýyldan-ýyla hasratyny çeken,ýanynda bolmak üçin janyny hem berip biljek söýeniniň ysy bardy.Başy aýlanyp başlady.Ýuwaşjadan ýere oturdy.Kagyzy açdy.Elleri titräp okamaga başlady.

“Söýgülim!Senden aýrylanymdan soň,bir ýürege iki söýginiň sygmajagyny bilenim üçin,ne birini söýüp bildim,ne-de birine seredip bildim.Her günüm beýlekisinden has hem agyr geçdi.Sebäbi hasratyň her gün öňküsindenem beter artýardy.Saňa kitaplary doldurar ýaly şygyrlar ýazdym.Her biri beýlekisinden hasam gussalydy.Ýazdym,okadym,agladym.Her gün ýazdym,her gün okadym,ýyllar boýy agladym.Her gün daňa çenli seni pikir etdim,her gün seniň ýanyňda bolmak isledim.Her gije sensizlige länet etdim,ukulary özüme duşman etdim,sensiz galmagyň ajysyny gözlerimden çykardym.

Bir gün ähli zady üýtgedip biljek pursat çykdy öňüme.Bu pursady goldaman,özüme haksyzlyk edip bilmezdim.We goldadym.Senden uzaklara gitdim,belki seni unudaryn diýip.Ýöne ähli zat tersine boldy.Seni indi öňküdenem beter göresim gelýär.Belki senden has hem uzaklardadyryn,ýöne ýene-de seni görmek üçin uzaklardan gelip bilýärin.Seni söýüp bilýän,ýatyrkaň seni synlap bilýän.Käte gözleriňi açyp seredýäň, gelenimi bilýändigiňi pikir edýän,ýöne ýene süýji uka gidýäň.

Ertir biri-birimizi söýmegimiziň altynjy ýyly.Şu wagta çenli seniň ýanyňa diňe men geldim,ertirde sen gel bolýarmy?Unutmankam,saňa beren ýüregime gowy seret bolýarmy?Çünki gözýaşlarym bilen adyňy ýazdym ýüregime.Seni sendenem beter söýýän söýgi bar ýüregiň içinde.Unutma,gyzyl gülleri-de unutma bolýarmy?Seni söýýärin, ýanyma gelýänçäňde söýerin!

Seni bu dünýäde hiç kimiň söýüp bilmejegi ýaly söýen adam.”


Nagyma Osmanow

10
104
guli05
10 Iýul 2024
@ggaa, соны шу
ggaa
10 Iýul 2024
Yzy bamy sxun
ulun
9 Iýul 2024
😭😭😭😭
ggaa
9 Iýul 2024
😢
guli05
9 Iýul 2024
@smiling_, ха бор:).
guli05
9 Iýul 2024
@smiling_, 🙄 шейдение бирхили халамадк йалыла
guli05
9 Iýul 2024
@smiling_, дис лике элим дегди
guli05
9 Iýul 2024
@smiling_, боля:(
guli05
9 Iýul 2024
@smiling_, гоймаймы онно
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.