awadan
08.07.2024 23:25
BİWEPA 2- nji bolumi
—Sen bar zady bilýädiňmi? —Men soradym, öz sesime erk etjek boldum, ýöne başa barmady.



—Ýok, men hiç zat bilemok, —jogap berýäň sen, —şu güne çenli bilemokdym, diňe çaklaýardym. Seň bir ýylda iki gezek aýagyň döwüldi, mende şonda sen gezýän bolaýma diýip çakladym. Netijede çaklamalar dogry bolup çykdy.



Edil aýna ýaly dury ses bilen jogap berýäň. Hiç hili duýgusyz sesde. Seň sisiňde birjede gahar, ökünç ýa-da aýyplama ýok. Sen hamala maňa dälde, öz okuwçylaryňa ýüzlenýän ýaly gürleýäň?

Men aglamamy goýdum, meni eşden zadym haýran galdyrdy. Dogrudan hem men bir oglan bilen seýilgähde edil ýaş gyz ýaly bolup öpüşdim. Ol oglan biziň edaramyza täze işe gelipdi. Edil şol gün öýe gaýdyp gelýäkäm meň ýolda aýagym döwüldi. Ulagdan ters düşdüm, büdredim, ýykyldym, soň aýaga galyp bilmedim, aýagym iki ýerinden döwülipdi. Aýagym saralgy 3 aý öýde ýatmaly boldum. Aýagym bitinçä ol oglan eýýäm menden sowaşypdy, meň hem dogrymy aýtsam kelläm öz ýerine gelipdi. Yz ýany men ýene bir oglan bilen tanyş boldym, ol oglan meni bir ýerik çagyrdy, ol gezek hem biz diňe bir öpüşüpdik, ýöne şol gün hem meň aýagym döwülipdi. Ýene birinji gezek bolşy ýaly, meň aýagym 3 aý bitmeli boldy. Men ýene işe çykynçam, ol oglan bir ýerlere ýitrim bolupdy. Men bolan zatlara edil gözüm gapylan ýaly hiç hili üns bermedim. Indem welin meni üçinji gezek Hudaý tutdy. "Aýagyňy egri basdyňmy?" diýen sözleri, öň müň gezek eşden bolsam hem, diňe şu gün ol sözleriň manysyna düşündim. Men sesimi çykarmadym, epesli wagtlap sesimi çykarmadym. Ýene aglap başladym, ýene gözlerim gapyşdy. Daşarda bolsa dynman ýagyş ýagýardy, meň gapdalymda otyran oglanyň iň gowy görýän howasy, ony maňa öň özi aýdandyr öýdýäňizmi? Ýok, ol maňa hiç haçan hiç zat aýdanok, men oň ýüzündäki ýylgyrşyndan aňdym.
—Meni ejeň ýanyna alyp git, —diýdim men, göz ýaşlarym dymanyndan soň. —Meni ejeň bilen tanyş et, şu wagtyň özinde ejeňlere tarap öwürde meni ejeňe görkez. Sen hiç zat gürläňok, ýöne maşynyň ugryny hem üýtgedeňok.



—Men seň ejeňi göresim gelýär, —men bir iki çatryk geçinçä garaşyp, soň gygyryp başladym. Ol çatryklaryň birinde ýoluny üýtgeder diýen umyt bardy, ýöne ýol üýtgänokdy. Dogrysy öz gaýnymlaryň nirede ýaşaýanyny men bilemokdym.



—Seni dünýä indiren aýaly göresim gelýär, meni göni şu wagt, şu durşuma ejeň ýanyna alyp git, eşidýäňmi? —Men ýene gygyrdym.
Sen eşidýäň, bar zady eşidýäň, seň hereketleriň ýaňky ýaly mylaýym däl. Sen tolgunýan bolmaly, eýýäm maşyny dolandyrşyň hem üýtgedi. Soňky 6 ýylyň içinde sen birinji gezek tolgunýaň. Men seni 6 ýyl bäri tanaýan, seň haçan ýatýanyňy we haçan turýanyňy bilýäň, seň bedeniň her bir santimetri maňa aýan, seň gowy görýän naharlaryňy men bilýän. Ýöne seň pikirleriň maňa düýbinden aýan däl. Sen bilen köçeden geçip barýan ýat adam, meň üçin des deň.



—Häziriň özünde maşyny saklada, meni ejeňlere alyp git, ýa-da meni düşür, —diýýän men iň soňky sözlerim bilen.



Sen maşyny saklaýaň, maňa seredeňok, seň gözleriň boşlygy synlaýar. Sen menden çala çyglap başlan gözleriňi gizleýäňmi, —men bilemok.



—Meň ejem ýok, ol ýogaldy, —diýýäň sen.



—Haçan ýogaldy?



—Üç ýyl bolup geçdi, —diýýärsiň sen.



Seň sesiň sandyraýar, men ellerim bilen agzymy ýumýan. —Toba, —diýýän men.



—Men seň bilen ýaşap ýören wagtym seň ejeň ýogaldymy? —Soraýan men. —Sen näme üçin maňa aýtmadyň? Bolýa, men hiç-le, ýöne seň özüň bir ejeňi jaýlama gitdiňmi? —Pikirlenýän men

Dowamy bar
13
71
zina
9 Iýul 2024
Her opusende ayagy dowulyan ekenmi🤔🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.