smiling_
08.07.2024 09:57
Altaýda bir är-aýal ýalňyşlyk bilen başga biriniň öýünde üç ýyl ýaşady.

Russiýanyň Altaý ülkesiniň Şipunowo obasynda bir maşgala başga birine degişli emlägi özüniňkidir öýdüp, onuň öýünde üç ýyllap ýaşapdyr. Wakanyň jikme-jiklikleri barada sebit kazyýetleriniň bilelikdäki metbugat gullugynda gürrüň berdiler.

2021-nji ýylyň maý aýynda är-aýal T.-lar Şukşina köçesiniň 16-njy jaýyny we oňa degişli ýer bölegini satyn alypdyr. Obanyň jaýlarynda san belgi ýok bolansoň, är-aýal ýalňyşlyk bilen öz jaýlarydyr öýdüp, goňşy jaýa göçüp barypdyr we hatda onda abatlaýyş işlerini hem geçiripdir.
Jaýyň hakyky eýeleri är-aýal N.-ler öýlerinde nätanyş adamlaryň ýaşap oturanyny görüp, olardan jaýy boşatmaklaryny talap edipdirler. Emma T.-laryň maşgalasy jaýdan çykmakdan boýun towlap, jaýlaryň belgisini çalyşmagy teklip edipdirler.
Taraplar dawany özara ylalaşyp çözüp bilmändirler we är-aýal N.-ler kazyýete ýüz tutupdyrlar. Şipunowskiý etrap kazyýeti T.-leriň maşgalasyndan jaýy boşatmagy talap edip, bu arzany kanagatlandyrypdyr. Jaýlaryň we ýer bölekleriniň belgileri öňküligine galypdyr.


Çeşme: tmcars.info (düýn 22:56)
18
128
Bio_girl👩‍🔬💫
8 Iýul 2024
@smiling_, hmmm🙄
Bio_girl👩‍🔬💫
8 Iýul 2024
@smiling_, Ay senem bara😃😂 bolyaa banditkam isdedir bumat
stella_🖤
8 Iýul 2024
Ýene 9 likedan soň ýyldyz 🍻
Bio_girl👩‍🔬💫
8 Iýul 2024
@smiling_, acylanok😫😫
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.