smiling_
07.07.2024 23:35
Dünýäde iň uly kaşaň ýahta suwa goýberiler. Ol “Titanikden” uly.

2028-nji ýylda dünýäde iň uly ýahta boljak Ulyssia superýahtasy suwa goýberiler. Gäminiň uzynlygy 324 metr bolar, ol meşhur “Titanikden” (269 metr) hem uzyndyr diýip, Naked Science habar berýär.

Taslama tanymal dizaýner Espen Oýno tarapyndan taýýarlandy we onuň gurluşygy 2028-nji ýylyň oktýabr aýynda tamamlanar.
Ulyssia super ýahta diýilse-de, aslynda ol ýolagçy gämisi hasaplanýar. Onuň bortunda meýdany 112 inedördül metrden 930 inedördül metre çenli bolan kaşaň penthouslar ýerleşer. Her bir penthous ýatylýan otaglar, myhman otaglary, aşhanalar we ummana bakýan giň terrasalar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Ulyssia-nyň gurluşygyna indiki ýyl Germaniýanyň Maýer Werft gämi gurluşyk kärhanasynda başlamak meýilleşdirilýär. Gämi kaşaňlyk, rahatlyk we innowasiýa tehnologiýasyny özünde birleşdirip, inženerçilik we dizaýn sungatynyň hakyky nusgasyna öwrüler.
Royal Caribbean kompaniýasynyň “Deňizleriň tumary” (Icon of the Seas) gämisiniň taryhda iň uly kruiz gämisi bolmagynda galýandygyny belläliň. Bu uzynlygy 365 metr bolan 20 palubaly gämidir.


Çeşme: tmcars.info (şu gün 23:02)
18
39
wolf
8 Iýul 2024
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.