awadan
07.07.2024 16:57
BİWEPA
HEKAÝA 1- nji bölümü
Ýüregim "bagyşla meni" diýip gygyrýär, ýöne meň dilim hiç zat gürläp bilenok. Daşarda ýagyş ýagýar, sen öz maşynyňy haýaljakdan sürýäň, ýol iki esse uzalan ýaly boldy. Men seň ýörüte gapdalyňa geçdim, birden seň gaharyň gelse, meni urup biler ýaly. Eger meni ursaň, belkide köşeşersiň? Eger maňa hiç zat diýmeseň, menden dynjak bolýandygyň alamaty. Barybir dynjak bolsaň, maňa öz gaharyňy we duýgularyňy harçlap durmarsyň-a? Bolan zatlarda seň hem günäň bar, sen maňa azajyk üns beren bolsadyň, belkem men gapdala seretmezdim? Meň bilen azajyk köpräk gürleşen bolsaň, maňa seň ýekeje pikiriň hem aýan däl. Ýöne indi kimde günä bardygnyň parhy näme diýsene? Men bar zady öz elim bilen ýykdym. Sen meň bilen indi näme edersiň, men bilesim gelýär? Meni alyp barýaň ýoluň biziň öýmüze barýar. Eger meni şu halda, atam-öýüme elten bolsaň, sen meni masgara ederdiň. Ýöne sen beýle edeňok, dogrymy aýtsam seň asla näme etjegiňi men bilemok, şondanam gorkýan. Seň dodaklaryňda doňyp galan ýylgyryş bar, has dogrusy ýylgyrşam däl, ýylgyrşyň bosagasy. Sen şeýle ýylgyryş bilen hem meni ol ýerden alyp gaýtdyň. Egni geýimli oglanlar höwes edip seň geleriňe garaşdylar, sen maňa bir zatlar edersiň öýütdiler, olara tomaşa gerekdi. Sen bolsa öýde gürleşeris diýdiň, meň pasportymy görkezdiň, we meni alyp çykdyň. Meň ýanymdaky oglana birjede seretmediň. Öz bäsdeşiň kimdigi bilen hem gyzyklanmadyň, belkide sen çynyň bilen maňa indi hiç hili duýgy harçlasyň gelýän däldir? Eger meni öldür ýaly uran bolsaň, men beýle kösenmezdim. Iň bärkisi seň kimdigiňi bilýän bolsam hem kösenmezdim. Seň bilen eýýäm 6 ýyl bäri ýaşaşýan, saňa başda duşamda diýsem begendim, sebäbi men ençeme ýyl ýalňyz gezipdim. Ýöne 6 ýylyň içinde men saňa birje ädim hem ýakynlaşmadym. Men seň ejeňikakaňy tanamok, olar hamala ýok ýaly. Seň özüň hem olaryň ýanyna gideňok, meni äkideňok. Sende dogan garyndaş bar, jigi dogan bar, ýöne men olary göremok, seň özüň hem olary göreňok. Dogrymy aýtsam ilki başda seň şeýle häsýetiň bardygyny bilip men begendim, biziň maşgalamyza hiç kimiň täsiri degmez diýip begendim. Ýöne soň görüp otursam, öz ejesi kakasy bilen işi ýok adamyň, öz aýaly bilen hem işiniň bolmajagyna düşündim. Gygyrasym gelýä, sende iň bolmanda ýönekeý duýgulary oýarasym gelýär, meni hamala atuw jezasyna alyp barýan ýaly alyp gitmez ýaly. Belki ýekeje gezek öz nýetiňi aýdarsyň? Sözlerde bolmasa, hereketde öz gaharyňy görkezersiň?



—Men saňa öň hem biwepalyk etdim, —diýýän men, seň gaharyňy getirmek üçin.



Hawa, bu eýýäm üçin gezek, üçinji gezekde bar zadyň üsti açyldy. Boljak zatlaryň barsy bolanyndan soň, men saňa näçe gezek biwepalyk edenimiň parhy näme diýsene? Bagyşlamajak bolsaň birnem bagyşlamarsyň, bagyşlajak bolsaň meň eden etmişlerimiň barsyny hem bagyşlarsyň. Eger gitmeli bolsa, ähli zady aýan edip gideýin. Eger galmaly bolsa, goý soraglaryň barsy şu gün çözülsin, soň täzeden bir zatlar aýan bolup, ýene-de düşünşmeli bolmaz ýaly.
—Bilýän, —diýýäň sen, öz adaty we parahat sesiň bilen. Gözleriňi bolsa ýoldan aýraňok. Men bolsa eýýäm ýoly göremok, gözlerim ýaşdan gamaşdy. Näme üçindir seň eliňden tutjak bolýan, soň ukydan açylan ýaly öz pälimden dänýän. Ikimiz hem dymýas, hamala aýdar ýaly sözleriň barsy gutaran ýaly? Ýöne sözsiz hem ähli zat bir eýýäm düşnikli.



—Seň maňa öň iki gezek biwepaluk etdiň, —sen duýdansiz maňa ýüzlenýäň. Sen nireden bilýäň ony, kellede sorag ýaňlanýar. Men saňa öň biwepalyk edip ýetişmedim, men diňe oglan bilen öpüşdim we gujaklaşdym. Sen meni yzarlaýaňmy? —Men sorasym geldi, ýöne men seni edil şu wagt bir zatda aýyplap biljek däldim, şonuň üçin hem senden gönümel soramaly boldum:
18
146
zina
8 Iýul 2024
@smiling_, 😂😂🤣🤣🤣🤣😅😅🤣🤣
zina
8 Iýul 2024
Sonundaky sozi yaman uytgesiklay men sana öñ biwepalyk edip yetismedim men dine oglan bn opusdim we gujaklasdym🤦🤦🤦onnan basga name etjekka bu gyz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.