guli05
08.07.2024 00:34

Şeýle bir söýýärdim,söýýärdim seni

Seň bilen durmuşym örän hezildi

Sen gitdiň ýalňyzlyk aglatdy meni

Joşan göwnim gam kölinde ezildi


Şeýle bir söýýärdim ,söýýärdim seni

Kalbymyň törinde diňe sen bardyň

Sen dünýäme dogdyň şapak mysaly

Ömir ýollaryma saçýan bir nurdyň


Şanyňa ençeme goşgy ýazardym

Galam ,kagyz meniň hemram bolardy

Elmydama seni ýatlap gezerdim

Seň suratyň meniň gümram bolardy


Ýadymda henizem şol geçen günler

Şol gün bir mysalyň jogabyn gözläp

Sanardyk biz goşup barmaklarmyzy

Şonda-da jogaby bilmedik çözläp


Soňra biz öýmizden daşary çykyp

Şol mysaly berdik agam Tirkişe

Agam pikirlenmän jogabyn aýtdy

Beýle zehin berilmeýär her kişä


* *

Ýadymda henizem şol geçen günler

Remezan aýynyň ikinji güni

Size oýnamana men ejem bilen

Barypdym,ýenede göripdim seni


Şol gün seniň bilen goňşy golama

Ýarmezan aýdyp aýlanardyk biz

Bolsakda biz bäş-on sany bir topar

Başga çagalardan saýlanardyk biz


Şol gün sen owadan gaty ses bilen

Ýarmezan goşgysyn aýdyp bererdiň

Men bolsa utanyp uýalyp şonda

Hiç zat aýtman ýere bakyp durardym


Şonda-da olar meň başym sypalap

Süýji-kökelerden paýym bererdi

Soň ilkinji söýgim elimden tutup

Meni başga gapa alyp barardy

* *

Ýadymda henizem şol geçen günler

Agamyň toýunda göripdim seni

Gözel jemalyňy uzakdan synlap

Bagtyňa bendiwan edipdiň meni


Şol gün elme alyp seň telefonňy

Görenimde seniň suratlaryňy

Içgin-içgin bakyp seredip çykyp

Dörenimde seniň suratlaryňy


Gözim düşdi bir nätanyş oglana

Köşge şol suraty görmesedim hiç

Şol gün çyn söýgimi aýtjakdym saňa Indi bary giç


Klasdaşlaň bilen uçurym güni

Durdyň sen bir ýigdiň elinden tutup

Ýüregimde gaýnap joşan bu söýgim

Indi ýüregimde galypdy ýatyp

Bilýärin bu ýerde seniň günäň ýok

Müň dürli syr bardy gara göziňde

Bilýärin bu ýerde seniň günäň ýok Günä özimde

Men saňa söýgimi aýdyp bilmedim

Seni söýüp guwanardym daşyňdan

Goý meniňki ýaly jogapsyz söýgi

Geçmäwersin hiç adamyň başyndan


Gerçeknazar Amannazarow

12
32
angelface
8 Iýul 2024
🥰😉
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.