gula
07.07.2024 15:51
Gelsin arzuvdaky,gözleri ala
Eje ýene,biraz vagt ber maňa
Arzuvlarmy ýetireýin vysala
Eje ýene,biraz vagt ber maňa

Ýesiri men nätjek yşk atly körüň
Şol yşka şu çaka garaşyp ýörün
Bezäsim gelýär vah,söýenmiň törün
Eje ýene biraz vagt ber maňa

Ser saldym ertire,hat-da düýnede
Ýok boldy ykbaldan öýke-kinede
Daýzamyň ogluna berjek diýmede
Eje ýene biraz vagt ber maňa

Arzuvlarmy diňläp ýylgyryaň gülýäň
Şeýlebir gyzykly oýny bu dünýäň
Ýaşym on sekizde däldigini bilýän
Eje ýene biraz vagt ber maňa

Sen şeýle ezizsiň ejejan,sen päk
Hyýalym gezip ýör iki ýan entäp
Arzuvdaky söýgüm gelýänçä entäk
Eje ýene biraz vagt ber maňa


✍🏻: Ogulgurban Jumaýeva
12
28
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.