awadan
07.07.2024 11:22
ALA GÖZLÜ GYZ
hekayan dovamy 2
Ony otagdan çykarmagyny haýyş etdim. Şepagat uýasy geñirgenip, otagda üçümizden başga hiç kimiñ ýoklugyny aýtdy. Ine, şonda düşündim ony diñe meniñ görüp bilýänligime.
Soñ ol meniñ ýanymdan asla aýrylmady. Keselhanadan çykan ulagymda, öýmüzde, iñ pynhan pursatlarymda-da ýanymdady. Gyzyma at goýmagy pikirlenenimizde:
- Meniñ adymy dak - diýip, haýyş etdi.
Onuñ göwnüne degesim gelmeýärdi. Iñ ýakyn joram bolupdy. Ikimiz mydama dertleşýärdik. Has dogrusy, men özümi bimaza edýän duýgulary aýdardym, olam edil şo-ol birinji gezekki duşuşygymyzdaky ýaly başyny atardy. Bir gezek oña:
- Sen menden öýkelimiñ? - diýip, soradym.
- Ýok - diýip, ýylgyrdy.
Bir gün aşhanada agşama näme nahar bişirjekdigimiz hakda jedelleşýärdik. Öz gürrüñimiz bilen şeýle başagaýdyk welin, adamymyñ geleninem duýmandyrys.
- Bu gün nä irläpsiñ? - diýip syr bildirmejek boldum.
Adamym welin ähli zady syzypdy. Kim bilen gepleşýänligimi sorady. Aýtmaly boldum. - Ol bar-a, göreñokmy? - diýdim. Soñky sözümi gepiñ gerdişine görä aýdypdym. Adamymyñ ony görüp bilmeýänligini bilýärdim. Adamym sesini çykarman aşhanadan çykdy. Şeýle pursatlar soñ kän gaýtalandy. Adamym onuñ barlygyna ynanokdy. Men bolsa ony diñe meniñ görýänime ynandyrjak bolýardym. Ol gyz bardy. Syýa saçlaryny darap uzynlygyna goýbererdi. Öýümiziñ penjiresinden daşaryny synlardy. Gyzjagazymy gujagyna alyp, her dürli oýunlar ederdi. Ýöne mydama gussalydy. Ýylgyran pursatlarynda-da gözlerindäki gussany duýmak mümkindi. Käte adamym işden geleninde onuñ ýanyna baryp, egnine başyny goýardy. Gabanjañlyk ruhumy gurşasa-da, syr bildirmejek bolardym. Olaryñ söýgüsiniñ arasyna goşulan mendim. Indi bu ýalñyşlygymy gaýtalajak däldim. Ala gözli gyz bagtly bolmalydy. Meniñ päsgel beren bagtymy täzeden gazanmalydy. Galan ömrümi şu maksadyñ ugrunda göreşmäge taýýar geçirjekdim. ...Bir gün meni bir topar şepagat uýalarynyñ işleýän ýerine äkitdiler. Gitmejek bolup kän dyzadym. Adamym gyzjagazymy elinde saklap durşuna muny meniñ oñatlaşmagym üçin edýändigini aýtdy... ... Häzir men içinde diñe ýatylýan krowaty bolan darajyk otagda. Ruhum gysylýar. Öýümiñ giñiş otaglaryny küýsäp ikibaka gezim edýärin. Ala gözli gyz bolsa heniz-henizlerem şo-ol gussaly ýylgyrşy bilen ýüzüme seredip dur...

© Mahym NURGELDIÝEWA
16
52
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.