İlki başda söýşüp göwnüň hoşlarsyň...
Durmuş gurup soňra ýaşap başlarsyň..
Dokuz aydan ulus ile buşlarsyň
İlki gözleň şonda çagaňa düşýär
Düşünşmezlik bolup dawa başlasa
Uruş sögüş ýary gije ýatmasa..
Gap~jäşler döwülüp, daňam atmasa
Galmagaldan gorkan çagaňa düşýär...
Agzybirlik ýeter bolsaň agzala
Aýrylyşyp gitseň heriň her ýana
Maşgalaň ýumrulup dönse her ýana
Bar agram arada çagaňa düşýär
Durmuş bilen edersiň gödeklik oýun
Kejir bolup asla bolmarsyň boýun
Belki sen gezersiň rahat...arkaýyn..
Ýöne! Ähli kösenç çagaňa düşýär
Belki sen ýaşarsyň yzyňy ýatlaman..
Täze durmuş gurup bolup şadyýan
Ýöne öweý adam bolmaz mähriban
Agyr ýowuz günler çagaňa düşýär
Döwlet diýer bir ömüri köýdürmäň
Perzendiňe aýralygy görkezmäň!
Diri halyňyza ýetim didirmäň!
Ýene agyr günlere çagaňyz düşýär...