awadan
06.07.2024 13:43
ALA GÖZLI GYZ Hekaýa

Özümiñ nä sebäpden beýle akmaklyga het edenime henizlerem düşünemok. Belkem asla düşünmesem gerek. Beýtmäge maña güýç beren zat nämedi, söýgimidi ýa zenan basdaşlygymydy... Kim bilýär...
Onuñ gapysyny kakdym. Ýüzüme soragly garan keşbi henizem ýadymyñ çet künjeginde. Ala gözleri bardy. Saçy eginlerinden çala geçýärdi. Garaýagyz teni çyranyñ ýagtysyna lowurdaýardy. Sada we birkemsizdi. Özümiñ bigörkligimi näletledim. Gözelligine üns bermedik hatda, muny onuñ kemçiligi saýan kişi kimin ýigrençli garadym.
- Oñ bilen men biri-birimizi söýýäs. Aramyzdan aýryl. Basym biziñ toýumyz.
Aýtmak üçin telim ýola türgenleşen sözlerimi hetjikledim. Ýüzüniñ her nokadyny göz atuwyma ýat tutdurjak kimin ünsli synladym. Ala gözlerine çöken gussa ony bedroýlaşdyrmandy. Bu hasam gaharymy getirdi. Filmde aýdylyşy ýaly: "Ol taslamalaryñ naýbaşysy, men bolsa tebigatyñ gödek ýalñyşlygydym". Agzyna gelenini diýer, ýalanymy ýüzüme basar öýtdüm. Beýtmedi. Başyny atyp, gapyny ýapyp goýberdi.
Soñ ony hiç haçan görmedim. Has dogrusy, janly görmedim.
Söýen kişim bilen durmuş toýum tutuldy. Ol - ala gözli gyz diýenini edip aramyzdan aýrylypdy. Bagtlydym. Ähli zadyñ beýle ýeñillik bilen çözülerine garaşmanymdan bolsa gerek, geñirgendiriji ahwala düşerdim mahal-mahallar. Bu bagty maña peşgeş bereniñ kimligini bilýärdim. Oña hem haýran galýardym hemem minnetdardym.
Bir gün adamym öýe adatdakylardan gijä galyp geldi. Başy öñe egilgidi. Nahar iýmejekdigini aýtdy. Bir bolmasyz işiñ bolandygyny ýüregim syzýardy. Näme bolandygyny soradym.
- Ol ýogalypdyr diýdi.
Kimdigine düşünipdim. Adamymam edil meniñ ýaly onuñ adyny tutmak islemändi. "Ol" diýsek, ikimiz üçinem düşnüklidi.
- Nädip bolupdyr? - diýdim.
Gözlerini bir nokada dikip oturşyna aýylganç hakykaty pyşyrdady.
- Öz janyna kast edipdir.
Birkemsiz sungat eserine meñzeýän keşbi topragyñ astynda göz öñüme getirenimde inim düýrügdi. Ýerimden turdum. Ýatylýan jaýa geçip sessiz süýndüm. Ony gören ilkinji we iñ soñky gezegimdäki keşp ýene örboýuna galypdy. Huşumdan kowasym geldi. Başarmadym.
Gije düýş görüpdirin. Ol başujymda otyr. Ýylgyrýar. Howpurgaýaryn.
- Git bu ýerden - diýip gygyrýaryn. Onuñ bolsa şo-ol ýylgyryp otyrşy.
Şol gijeden soñ hiç zat öñküsi ýaly bolmady. Adamym öýe gelmezligi, gelse-de gijäñ ýary gelmegi tapdy. Ol gelýänçä uklamaýardym. Garaşýardym. Bir günem hemişeki wagtlarynda öýe gara berdi. Ýerinde durup bilenokdy. Golundan tutup, içeri saldym. Deminde içginiñ ysy bardy. Ýerine ýatyranymdan soñ dik duran ýerimden açalak-ýumalak gözlerine garadym.
- Ony küýseýäñmi?
Belkem, muny soramaly däldim. Jogaby mälim soraglary soramazlygy öwrenmegim gerekdi. Adamym hiç zat diýmedi. Diñe gözünden akan ýaşy görüp galdym.
Perzendim dünýä inen güni gabat geldim oña ýene bir ýola. Bu gezekki welin düýpgöter başgaçady. Gujagymda ýatan bäbegiñ mymyk ellerine, ýumulgy gözlerine seredýärdim. Birdenkä, oña gözüm düşdi. Egninde ak, uzyn lybasy bardy. Bäbegimiñ başyndan sypady.
- Saña meñzemesin - diýip pyşyrdady.
- Eliñi aýyr, degme çagama - diýip gygyrdym.
Sesime şepagat uýasy geldi. Näme bolanlygyny sorady.

Dowamy bar..
22
77
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.