ABŞ-nyň Harby Howa Güýçleriniň aýdym-saz topary Aşgabatda konsert berdi.
ABŞ-nyň Harby Howa Güýçleriniň Merkezi Serkerdeliginiň aýdym-saz topary (AFCENT) bäş günlük sapar bilen Türkmenistanda boldular.
28-nji iýunda başlanan saparyň çäklerinde AFCENT sazandalary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussatlyk sapaklaryny geçirdiler, maýyplygy bolan çagalar üçin çykyş etdiler, olaryň "Berkarar" söwda-dynç alyş merkezindäki konserti bolsa müňden gowrak tomaşaçyny özüne çekdi. ABŞ-nyň ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen amala aşyrylan bu saparyň dowamynda sazandalar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň orkestri bilen bilelikdäki aýdym-saz çäräsine hem gatnaşdylar diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölümi habar berdi.
Baş binasy Dohanyň golaýynda ýerleşýän AFCENT topary Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýa boýunça syýahat edýär. Sazandalar jemgyýetçilik konsertlerinde, mekdep ýygnaklarynda, harby çärelerde, ABŞ-nyň ilçihanalarynyň we ilçileriniň diplomatik kabul edişliklerinde çykyş edýärler. Amerikan we halkara ýokary derejeli sazçylyk mekdeplerinde okan dünýä derejesindäki sazandalardan ybarat bolan AFCENT topary dürli diňleýjiler üçin çykyş edip, zehinlerini dürli aýdym-saz görnüşlerinde, şol sanda pop, rok, R&B, country, jaz žanrlarynda görkezmäge çalyşýar.
Çeşme: tmcars.info (düýn 16:26)