gula
03.07.2024 23:07
Bu durmuşda kän gözledim ýarymy
Emma kime baksam,ýene sen boldy
Unudup bu geçen günleň baryny
Sensizligi övrenmäge çen boldy

Diýmändim men emma,saňa meňzesin
Artykmaç söýgi ýok,yene kem boldy
Ýa men ideýänmi,saňa meňzeşin
Sensizligi övrenmäge çen boldy

Söýdüm çyn ýürekden, söýdüm aşa ýar
Ýatlamalar howa,göýä dem boldy
Ýürek urup durka,aklym ýaşaýar
Sensizligi övrenmäge çen boldy


✍🏻: Ogulgurban Jumaýeva
15
52
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.