Daýhan we alma agajy hekaýa
İr zamanlar Tokaýa ýakyn obalaryñ birinde bir daýhan ýaşaýan eken. Onuň dürli agaçlara, güllere bürenip oturan ullakan mülki bolupdyr. Daýhan çagalyk ýyllaryny bu yerde ösüp oturan alma agajynyň töwereginde oýnap geçiren eken. Alma agaçy oglanjyga ullakan hem süýji miwelerini jomartlyk bilen eçilipdir. Agaç şeýle bir äpet bolupdyr welin, dürli haýwanlar ony özüne mesgen edinip, agzybirlikde ýaşapdyrlar. Aýlar- ýyllar geçip, Alma agaçy hem garrap, hasyl bermegini bes edensoň daýhan ony bölekläp, dürli-dümen hojalyk esbaplaryny ýasamagy ýüregine düwýär.
Günleriň birinde ol özüniň ýalaw ýaly ýiti paltasyny getirip, agaça ýakynlaşypdyr welin haýwanlar üýşip, oňa ýalbarmaga başlapdyrlar:
-Bu agaçy çapma bu agaç biziň öýümiz, eger ýadyňda bolsa senem oglanjykkaň biziň bilen bile şu ýerde oýnaýardyň ahyry. Emma daýhan olaryň ýalbar-ýakaryna gulak asman, işe girişmekçi bolýar. Şol barşyna birdenkä onuň gözleri agajyň ýüzündäki köwegiň içinde sap-sary bala düşýär. Baldan dadyp görýär welin biygtyýar çagalyk ýyllary ýadyna düşýär. Balyň datly tagamy oňa şeýle bir ýarapdyr welin, "Bäh munuň süýjidigini ini!" diýenini duýman galypdyr. Daýhanyň baldan lezzet alyp iýişini synlap duran balarylar: "Biz saňa näçe diýseň bal bereli, agaça degmeseň bolýar" diýşipdirler. Sen japlar bolsa:"Biz saňa hoş getirip bereli", guşjagazlar bolsa:"Biziň saýraýşymyzy diňläp, agaçyň saýasynda dyncyňy al diýişýärler.
Diňşirgenip duran daýhan aklyna aýlanyp, paltasyny bir gyra taşlaýar. Ol özüniň körpeje agtygynyň hem alma agajynyň töwreginde oýnap, wagtyny hoş geçirmegini isleýär. Daýhan öz ýanyndan hiç wagt bu agaçy çapmajakdygyny äht etýär. Şeýlikde bu agaç bir maşgala ýaly bolup agzybirlikde şady-horram ýaşamagyny dowam etýärler.