smiling_
03.07.2024 18:34
"Ejemiñ mazarynda"

Ýükünden dollurdy dünýä gerdenim
Pelek bilen ykbalymam bir eje
Kemsiz düzlär ýaly ýykylan ýerim
Maña geçen günlem gaýdyp ber eje

Säher bilen sypap oglan başymy
Iýdirerdiñ elleñ bilen aşyñy
Ýigit çykdym namart aldy daşymy
Örýärler daşyma duzak tor eje

Eden işim hiç ugruna bolanok
Haýsy ýana gitjegimi bilemok
Ýykylsam gujagynda göterýänem ýok
Gujak gerýän diñe gara ýer eje

Ýeke galdym, azaşdym öz ýolumdan
Dost diýenlem gaçar boldy ýanymdan
Bu ýalançy, keçpelegiñ zorundan
Eger bolly öz başyna ser eje

Çekip özümçe bar ýoguñ gepini
Şeýdip alýan gara dermiñ hakyny
Meniñ bagtym señ barlygyñ ekeni
Ýalñyz neneñ ýanýar janym gör eje

Sen ekeniñ meniñ arkamyñ dagy
Sen ekeniñ meniñ ýüregimiñ bagy
Öñküler deý gorkmazym ýaly
Ýylgyryp ýanymda gelde dur eje

Gam gussadan bu durmuşdan ýadaýan
Sessiz diñýän ýene sessiz aglaýan
Maña şu durmuşda ýeke zar aýan
Sensiz boşap galdy öýüm tör eje

Taşlap gitdiñ bu ýalançyñ añyna
Şondan bäri düşünýän ýok halyma
Mähir isläp gelemde mazaryña
Sessiz dymýar bu garañky gör eje

Ýetim galdym ýesir galdym yzyñda
Mejalym ýok gurbatym ýok dyzymda
Añzak gyşda, tomus, bahar güýzümde
Neneñ ýaşamaly sensiz men eje
Ýalbarýan yzyña gaýdyp gel eje


Awtor: Atajan Gylyjow
22
145
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.