awadan
02.07.2024 23:16
GARRY GYZYŇ YKBALY

Hekaýa sonky bolumi

Gelin näme üçin ejemi men sebäpli utandyrýar. Oňa agyrlygym düşenoga. Jigim, meň jana-jan jigim, dogulanynda şatlygymdan näderimi bilmedik jigim, ýeke-ýalňyz jigimjan, men sebäpli dostlarynyň ýanynda utanýan eken-da. Ýaňy ejekem näme diýipdi? Öýden git, diýdimi? Indi dogulan öýüme ýat boldummy? Diýmek, gitmeli. Ýöne… nirä gideýin…
Ýerimden galyp otagdan çykyp barýarkam gapyň ýanyndaky aýna gabat geldim.
Mekdebi gutaranymda synpdaşlarymyň sowgat eden aýnasy. Ýürek şekilindäki, aşakda, ýüregiň birleşýän ýerinde iki ýüzügiň şekili çyzylan aýna. Ýokarsynda soňky jaň güni sowgat edilen emeli gül... Aýnada, gözleri ýaşly, ak aralaşan saçlary bulaşyk, gözüniň aşagyna biliner-bilinksiz ýygyrt düşen bir gyz sumjaryp durdy. Garry gyz. Hiç kime gerek däl gyz. Hemmeden gep çekmek üçin ýaradylan gyz. Soňky umydam puç bolan gyz. Agzyndaky aşy aldyran akmak gyz. Bu dünýäde hemrasy ýok gyz…Şol gün otagdan çykmadym, aglap-aglap uklap galypdyryn. Ertesi gün irden işe ugradym. Ertirligem edinmedim. Ýoldaky salonda Gülşeniň şadyýan ýüzüne gözüm kaklyşdy. Meni görüp utanmady, tersine ha-haýlap güldi. Öňküsinden ýaşaryp has owadanlaşypdyr…
Sapaklarymy okadyp öýüme däl-de bütinleý başga tarapa ugradym. Ýöräp-ýöräp şäheriň çetine çykdym. Bu ýerde demirýol bar. Ondan otlylar çalt-çaltdan haýbat bilen geçýär. Çagalygymda öýümiz şu golaýdady. Häzir ol öýler ýykylyp, ornundan nähilidir harby bina salyndy. Ejem bu ýere gelip oýnamaga rugsat berenokdy "Hudaý saklasyn, bir heläkçilik bolaýmasyn" diýýärdi. Häzir maňa şol heläkçilik gerek.O tarapa, bu tarapa ýöräp garaňky gatlyşaryna garaşdym.
Gün batyp barýardy. Uzakdan otly batly ses bilen gelýärdi.
Şol mahal yzymdan nähilidir ses eşidildi. Gaharly yzyma öwrüldim. Harby eşikli bir adam maňa seredip ýylgyryp durdy. Bialaç yzyma gaýtdym:
– Maňa gürleýäňizmi?
– Hawa-da. Öňräkden bäri size seslenýän.
– Bagyşlarsyňyz eşitmändirin.
– Bolýan ýagdaý. Oý-hyýala gark bolup durduňyz.
– Hawa, bu ýerlerde çagalygym geçdi. Şol günleri küýsäp gelipdim.
– Öýüňiz şu ýerdedimi?
Elim bilen yşarat edip:
– Siziň edaraňyzyň ornundady– diýdim.
– Wah, şeýlemi. Onuň ýaly bolsa gynanç bildirýän. Ýöne biz… Beýle bolmagyny islemändik…
Meň üstümden gülýändir öýtsem, ýüzünde mylaýym, sada ýylgyryş bar. Ýaşy hem onçakly ula meňzänok. Gaty gitse menden birki ýaş uly. Onuň bilen tanyşdyk. Ady Bahadyr, Andijanly. Şu ýerde işleýän eken, nähili wezipedigi gizlinmiş.Menem özümi tanyşdyrdym. Kärimiň gizlin ýeri ýok, mugallym diýdim. Hezil edip güldi. Güleninde gözleri şöhle saçýar. Geň galaýmaly, mundan on, on bäş minut öň özümi öldürmek barada pikirlenýärdim. Indi ol oý-hyýallarym özüme samsyklyk bolup duýulýardy. Bahadyr bilen çalt öwrenişdik. Biri-birimize telefon belgilerimizi berdik.
Ömrüme reňk çaýylan ýaly boldy. Indi meňem gijelerine halymdan habar alýan adamym bar. Irden ertirlik edinmän işe ugraýan. Uzakly gün mekdepde gezip, öýe gün batanynda barýan. Üç-dört günde, kämahal günaşa bir ýerde duşuşýan bolduk. Bir gün ol menden ep-esli wagt gözüni aýyrman seredip durdy. Birinji sataşan günümizdäki ýaly gün batyp barýardy, şemal bir ýerlerden güliň ysyny getirýärdi. Ilki ýylgyrdy. Soňra gözüme bakdy. Näme üçindir ýüzi az-kem gyzardy. Ýuwdunyp:
– Ruhsara–diýdi– meni Nökuse ugradýarlar. Köp wagtlyk. Men… eger garşy bolmasaňyz… sizem äkitmek isleýän. Ömürlik… razymyň?
Ýüregim öz-özünden agzymdan çykaýjak bolup urup başlady. Men näme diýmegim mümkin, ahyryn? Çalaja baş atyp, ýere bakdym.
– Hawa.
Bahadyr tolgunyp, elimi sypady.
– Köp sagbol, sagbol... Ýöne, azajyk wagt garaşmaly bolýaň… Ilki özüm baryp ýerleşeýin, soňra… sizi kösemäýin diýýän-da... Soňra, Andijana baryp aýalym bilen resmi aýrylyşmaly... Şoňa biraz wagt gerek bolýar. Ruhsara maňa garaşarsyň-a?
Men ýene-de ýere bakdym. Şundanam bir sorag bolýarmy? Elbetde garaşaryn, garaşman näme edeýin. Bahadyr gelmese hem men bary-bir garaşaryn.
Ol gitdi. Men seýilgähden çykyp barýarkam ýüzüme Güniň gyzgyn şöhlesi degdi. Bahar öz ornuny yssy, gyzgyn tomusa boşadyp berýärdi.
20
89
zina
3 Iýul 2024
Arman hemme kişem bagtly bolup bilmeyaa😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.