Pariždäki Olimpiada sebäpli Air France awiakompaniýasy €160-180 mln ýitirer.
Air France-KLM awiakompaniýasy Olimpiýa oýunlary bilen baglylykda Pariže uçmaga bolan islegiň azalmagy sebäpli tomus möwsüminde €160-180 mln möçberde çak edilýän ýitgiler barada aýtdy. Bu barada Bloomberg habar berýär.
“Air France we Transavia France Pariždäki 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlary sebäpli tomus möwsüminde garaşylýan girdejileriň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Fransuz paýtagtyna/paýtagtyndan gatnaw garaşylýandan pes we Ýewropanyň beýleki iri şäherlerine garanyňda hem pes” – diýlip, awiakompaniýanyň habarynda aýdylýar.
Tomusky Olimpiýa oýunlary Parižde 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler. Olimpiýa çäreleri Parižde, onuň töwereklerinde we Fransiýanyň beýleki dokuz şäherinde ýerleşýän 35 meýdançada geçer.
Çeşme: tmcars.info (şu gün 13:29)