awadan
02.07.2024 09:33
GARRY GYZYŇ YKBALY

Hekaýañ dowamy 4- nji bölümü

Howludaky ýeke düýp alma gülläpdir. Hoşboý ysy howla doldy. Keýpim göterilip, aýdym aýtmak isledim. Duşuşyga ýarym sagat galanda Gülşen geldi. Bezenip-beslenip öňküsindenem owadanlaşypdyr. Onuň ýanynda meň eşigim, saçymy daraýyşym, boýanyşym, juda ýönekeý bolup galdy. Bolýa-da, owadanlyk– sadalykda.

"Istiklol" bagyna bardyk. Ýodalarda ýaňy otlar gögerip, daş-töwerek janlanyp başlan wagtlar. Ýigidi känbir synlap bilmedim. Ýöne, boýy-syraty gelşikli, özem owadan, öýdýän. Onuň bilen esasan Gülşen gürleşdi. Men diňe birki soragyna jogap berdim, bolany. Gülşen bilen gürrüňinden anyklaýyşyma görä, geçen ýyl aspiranturany gutaryp, ylymlaryň kandidaty bolupdyr. Tehnika ylymlarynyň kandidaty! Häzir politehnika institutynda işleýän ekeni. Şunça gürrüňiň arasynda Gülşen hatda onuň telefonyndan jaň etmäge hem ýetişdi... Hälem şu Gülşeniň geläýeni, bolmasa ikimizem dymyp oturardyk. Ady Azat eken! Azat! Nähili owadan at. Ene-atasy bilen bile ýaşaýan eken, körpe ogul, garaz şunuň ýaly gürrüňler!...
Bu gün howa öňkilerdenem göwne ýakymly. Gün şugla saçyp dur, ýöne howa salkyn. Salmadaky suwyň "şibir-şibir" edip akyşy adamyň göwnüne şeýlebir hoş ýakýar.

Howlumyzdaky alma çemen bolup gülledi, gülüni dökdi, miwelese hem sawçylardan derek bolmady...

Gelin çagalaryny alyp ejesiniň öýüne gidipdi, jigimem heniz işden gelmändi, ejem ikimiz otyrdyk. Howludaky sekide kitap okap otyrkam, öýe ejekem geldi. Ýerimden galyp salamlaşmakçy wagtym sen ýok, men ýok düşekde ýatan ejemiň köwüşi bilen meni urup başlady. Urup, urup gargady, gargap-gargap urdy:
– Wah, bazary sowulan, garry gyz, özüňe är tapypdyňmy, başga birine peşgeş eder ýaly?! Ýa özüňden artdymy, artykmaçlyk etdimi, Gülşen-pülşene paýlaryň ýaly? Bizi namysdan öldürdiňa bir äre barman, ýa gara ýere girmän! Ärim agzymy açdyranok, öýde garran jigiň biziň öýe gelmesin, biziň gyzlarymyzada çilesi düşýä, diýýä.

Sekide oturan ejemem ýüzüme bir şarpyk çaldy:

– Sen bazary sowulan üçin geliniň ýanynda dilim gysga, bir zat diýsem, garry gyzyňy bil, diýýär. Şu ýaşyna çenli item almady, mundan soňra gabram almaz, diýýär. Jigiň bilen her gün urş-galmagal. Garry gyzyň öýümden güm bolsun, diýýär. Sen nämäni bilýäň, dogulman geçen...

Ejem şeýle diýip oturan ýerinde aglap başlady. Ejekemiň uranyndanam has beter, ejemiň aglaýany agyr degdi maňa.

Agşam otagyma girip, bolup geçen galmagaly ýatlap otagyma göz gezdirdim. Kakam pahyr "Bu otag körpe gyzym üçin" diýip, otagy özüme laýyk edip bezäp beripdi. Şol wagt bäşinji synpda okaýardym. "Meňem aýratyn otagym bar" diýip şatlanypdym. Diwara kiçi haly asyp, ýere palas ýazypdyk.

Otagyň bir burçunda kiçijik stol, mekdepde, institutda okanymda şol stolda sapaga taýýarlanýardym. Häzirem şol stolda ýazýan. Gapydan giren ýeriňde kiçi gardirob. Onda eşiklerim, kitaplarym durýar. Indi şul kiçi otaga, kakamyň maňa beren otagyna hem sygamokmy?!…Ejekemiň öýüne kän baramokdyma. Barsamam ýoldaşy ýok mahaly, barýardym, köp wagt oturmanam derrew gaýdýardym. Üstesine onuň gyzlary kiçi. Entek mekdepde okaýar. Nädip olara meniň çiläm düşsün? Bir mahallar instituta girenimde, ony tamamlanymda şol ejekemiň özi meni gyzlaryna görelde edip görkezip "Daýzaňa meňzeseňiz, adam bolarsyňyz? diýmändimi?!

Ýogsada ejekem näme diýipdi? Hawa, Gülşen Azady özüne agdyryp alypdyrmy? Şondan bärem görüşüp ýörmüşler? Adaglanypdyrlar! Ýakynda toýlary bolýarmyş! Bu näme boldugy bolýar? Men ony joram, boýdaşym diýip duşuşyga alyp barýan, ol meň üçin gelen ýigidi özüne agdyrýar. Ynsap diýen zat ýokmy? Emma… emma men beýle boljagyny bilmändim-a. Bular ýaly bolmagyny islemändim-a.

Dowamy bar...
25
171
zina
3 Iýul 2024
@smiling_, yok okunerin men name boljagyny onunden bilyan
zina
3 Iýul 2024
Yaş ekeni @smiling_,
zina
3 Iýul 2024
@smiling_, ejeñ nacenji yyl
zina
3 Iýul 2024
Mena gowy dal😔😔😔aglasym gelip durrrrr😢😢😢@smiling_,
zina
3 Iýul 2024
@smiling_, sen men dala men goni yazdy diyip yazar yaly dogrymyy bahañ 2
zina
3 Iýul 2024
Gowmy sen Salam yokmy sende 🤨@smiling_, @smiling_,
zina
3 Iýul 2024
@smiling_, ozunden ozi cykyan daldir oza 😁
yekejelai
3 Iýul 2024
Mena halamadym
alma___
2 Iýul 2024
Gyzykly ekeni, dowamyna garaşýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.