gula
02.07.2024 09:33
Bir gyz bar ekeni gözelden gözel
Aşyk eken oňa bir daýhan oglan
Ol gyz psent bilmän, sorag berende
Ýylgyryp seredip baş çaýkan oglan

Ne maşynyň bar,ne-de bir käriň
Diňeje gabyňda dänäň bar diydi
Ýigdiň gözlerine içgin seredip
Bagtly edäýjek nämäň bar diydi

Diydi dilim bar ynsan menem bir
Diýjek süýji-süýji sözüm bar diydi
Vepaly ýar bolup gezmeklik üçin
Bir saňa seretjek gözüm bar diydi

Toýumyz bolaýsa,doldurup gün san
Bagtly edäýjek çenim bar diydi
Durmuş agladaýsa,ýitirip ynsan...
Ýaşlaryň süpürjek elim bar diydi

Ýene müň şükürler,diýdi enem bar
Arkamda dag ýaly atam bar diydi
Söýmeli däl ynsany söýäýdim öýtýän
Edil şu babatda hatam bar diýdi

Gyzyň gözlerine mähirli garap
Hawa bildiň diňe dänäm bar diydi
Menä aýtdym gülüm, senem diý birzat
Bagta ýetmek üçin nämäň bar diydi

✍🏻: Ogulgurban Jumaýeva
17
138
gula
2 Iýul 2024
@smiling_, hawa
gula
2 Iýul 2024
@smiling_, hawa menem öň bir kitaphanasy acylan dovurleri giripdim soň tikin bilen yadymdan cykdy pozuldy tel calshdym indi yene acdym ýöne ishlanok bilemmok nameden
gula
2 Iýul 2024
@smiling_, bilesigelijade giryanizmi
gula
2 Iýul 2024
@smiling_, govydygyny
clara_💎
2 Iýul 2024
@smiling_, salam
gula
2 Iýul 2024
@clara_💎, dogry hawa
gula
2 Iýul 2024
@stella_🖤, 😊
gula
2 Iýul 2024
@smiling_, hä sholaram bilmän diýýän däldir ata babalarymyzyňam bilmeyan zady yok
clara_💎
2 Iýul 2024
@gula, menem gördüm gaty gyzykly
gula
2 Iýul 2024
@smiling_, vi bir akyldaryň sozumika dp gyzyklandymla
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.