awadan
30.06.2024 19:03
GARRY GYZYŇ YKBALY

Hekaýa 3-nji bölümi

Gelin bir tabak palow getirip "tark" edip stoluň üstüne goýdy-da, özi oturman çykyp gitdi. Sowuk çaý bilen palow iýdim. Ýüregim gysdy.

Aýlyk almadyňmy diýip ejem dillendi.

– Ýok, entek wagt bar-a.

– Çaltyrak alsaň gowy bolardy. Öýde pul gutaryp barýar. Bir tarapdan unam haltaň düýbüne ýetdi. Jigiň oguljygy kesellände birinden karz alan eken, şonuň üçin...

Gepi uzaltmazlyk üçin:

– Bolýar– diýdim– Birki günden aýlyk beriler. Ol bolmasa tiken köýneklerimden bir zatlar düşer.

Ejemiň ýüzi açyldy.

Aýlyga heniz irem bolsa ertesi gün nähilidir umyt bilen mekdebiň kassasyna bardym. Kassir Umrzok aga "Hiç zat ýok" diýip iki elini ýaýdy.

Ýoda-da zenan mugallymlar gürleşip duran eken. Taryhçy kärdeşim maňa seredip:
– Aýlykdan habar almaga geldiňmi– diýdi.

– Hawa.

Ol aýagymyň ujundan başyma çenli synlap:

– Saňa aýlyk nämä gerek?– diýdi.

Sesimi çykarmadym.

Bu aýalyň birine gahary gelse gaharyny başga birinden çykarýan häsiýeti bar. Häzir çagalar sapagyny diňlemedik bolmaly ýa-da gepine gulak asmadyk bolmalylar. Indem gaharyny menden çykarmakçy bolýar.

– Biziňki ýaly üç-dört çagaň, äriň, hojalygyň bolmasa. Ýeke baş, özüň. Üstesine tikin tikip pul gazanýaň. Şonça puly näme edýäň?...

Gepini eşitmedik bolup çalt-çalt ýöräp gaýtdym. Ýanyndaky mugallymlar "Haý gelje, beý diýmeda" diýdiler.

– Hä, näme, dogruda. Toba, dogry zady aýtmak bolanokmy? Sizem şoň tarapyny çalýaňyz.

Salima geleje bir ýarym stawka sapak okadýar. Ýarym stawkasyny direktor bilen gygyryşyp-çekeleşip aldy. Äri wezipeli. Öýünde bir gelini bar. Gelinem boş oturman öýünde dükan açýar. Şoňa garamazdan elmydama pulym ýok diýip zeýrenip gezýär.

Öýe gelip sargytlarymyň puluny ejeme berdim. "Birki günden aýlyk berilýän eken, şoňa çenli ýeter" diýdim. Ejem puly sesini çykarman aldy.

Bu gün howa tämiz, mylaýym şemal öwüsýär. Howanyň bir salymdaky özgerişine keýpim göterilip gündizki öýkäm unudyldy. Ejem maňa garaşyp oturypdyr öýdýän, otagyndan çykyp meň bilen bile aşhana girdi. Jigimiň otagyndan geliniň çagalaryna käýäni eşidildi. Ejem aşhana girip nahar gyzdyryp, çaý demläp berdi. Köp wagtdan bäri beýdenokdy, geň galdym. Ýanyma oturdy, näme üçin gijä galanymy sorady. Geňgalyjylygym has-da artdy. Barlagçy gelýändigi üçin gijä galandygymy aýtdym. Ejem nahar iýişimi ýylgyryp synlap oturyşyna söze başlady:

– Saňa bu gün gowy bir ýerden sawçylyga geldiler.
Ejemdäki üýtgeşikligiň sebäbini indi bildim. Dogrusy tolgundym. Bular ýaly gürrüňleri eşitmedigime köp wagt bolupdy.

–… Kim olar?

– Özi goňşy obadan. Daşkentdäki ýokary okuwlarda okap, henize çenli öýlenip bilmändir. Özüme bap, okuwly gyzy aljak, mugallym bolsa hasam gowy, diýipdir. Şoňa… seni… näme diýýäň?

On sekiz ýaşly gyz kimin utanyp:

– Bilmedim – diýdim– ony göremok, tanamok...

– Dogry aýdýaň, bizem şeýle diýdik. Şonuň üçin ertir duşuşyga çykýaň.

– Ne beýle çalt?– jogabymdan özüm utandym.

– Haýyrly işiň çalt bolany gowy!.

Ejemiň gözleri guwanýardy.

Gardiroby açyp, duşuşyga köýnek saýladym. Dogrusy, gowurak köýnegim ýok ekeni. Hemmesi ýönekeý, mugallymlaryňky. Has anygy, kyrk ýaşdan agan aýallaryň köýnegi. Ine bu köýnek bolanok, uzyn, näme-de bolsa Daşkentde okan… Bu kostýum-ýupka örän galyň, bu kofta-ýupka bolsa tomusky. Saýlap-seçip ahyry geçen ýyl baharda alan ykjamja köýnegimi geýmegi makul bildim. Sähel ýukarak diýmeseň, bolýar! Ertir gündiz duşuşýas, bu günki ýaly çabga guýmaz-a? Gara bulutlara ynsap berse!… Sagat ona golaý düşegime geçdim. Dur duşuşyga ýeke özüm gideýinmi?! Näme-de bolsa ilkinji duşuşyk, birhili bolmazmyka? Pikirlenip, pikirlenip Gülşene jaň etdim. Gülşen goňşy obada ýaşaýar, menden iki ýaş kiçi. Mekdebimiziň öňündäki gözellik salonynda işleýär. Her wagt dertleşýärdik. Anygyragy ol derdini aýdýardy. Ertir işi köp eken, ýalbaryp-ýakarmaly boldum. Ahyry razy boldy. Indi uklasam bolýar!

Ýene irden turup, howlyny süpürdim.

Dowamy bar....
23
104
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.