https://owrenmeli.app/70549-olagy-olanma.html#comment
flowers_
30.06.2024 15:56
Ýolagçy (Oýlanma)
Men bir ýolagçy. Ýöräp barýan ýolumyň nirede, haçan, nähili tamamlanjakdygy hakynda düýbünden pikir edemok. Diňe duşumdan geçirýän ajaýyplyklarymy synlap, lezzet almagy söýýärin. Çünki golaýymdan geçiren zatlarymyň gaýtalanmajakdygyny bilýärin. Düýn bilen däl, ertir bilen däl, diňe şu günüm bilen ýaşamak isleýärin. Näme islesem, şony etmek meniň üçin esasy zat. Sebäbi, özümi iň gowy tanaýan ýene-de özüm. Daş-töwerekden näçe kişi «Men seni gowy tanaýan» diýse-de, ýüzleý tanaýandyrlar. Häsiýetime belet bolup bilersiňiz, emma içimdäki arzuwlarym hakynda pikir ýöredip bilmersiňiz. Arzuwlarym barada size aýtsam-da, ol gury owaz bolup gulagyňyzda ýaňlanar. Göwnüm üçin diňlärsiňiz, ýöne ertirki gün sorasam, jogap berip bilmersiňiz. Bu dünýä meniňki. Dogrym-da, ýalňyşym-da özümiňki. Bu ýerde diňe meniň isleglerim orun alyp biler. Başgalaryň islerglerini kanagatlandyryp ýaşajak bolsam, onda näme üçin bu dünýä geldim?! Jemgyýetden çekinip, isleglerimi amala aşyryp bilmejek bolsam, onda men başa barmadyk hyýallaň gahrymany bolmalymy?! Şuny şeýtsem, töweregimdäkiler näme pikir eder? diýip ýaşamak maňa gelişmez, çünki men bu ýoluň ýalňyz ýolagçysy.
Her kim men hakynda islän zadyny pikir edip biler. Adamlaryň pikirini üýtgetmek üçin harçlajak wagtymy özümi kämilleşdirmek üçin sarp ederin. Ýene-de bir zada düşünenok töweregimdäkiler diýip, ýokardan köp aýtdym. Daşymda şonça adam bar bolsa, men häzir näme üçin özümi ýalňyz duýýaryn?! Gözümde düwmelenip, ýaňagymdan taýyp akýan ýaşlaryň näme üçin peýda bolanyny hiç kim soranok. Başymy bir egne däl-de, näme üçin diwara direýärin?! Ýüregimdäki ajyny näme üçin aýnanyň garşysyna geçip, öz-özüme gürrüň berýän?! Kyn pursadymda ýanymda bolmaýan adamlar menden hiç zat sorap bilmezler. Men hakda pikir ýöretmäge-de, meniň eden zatlarymy näme üçin beýle etdiň diýmäge-de het etmezler.
Ýüregimi diňlemegi söýýärin. Kä-wagtlar akylym bilen kalbymyň arasynda galýaryn. Haýsy meň üçin has dogry bolup biler diýýärin. Elbet-de, akylym meni üstün çykyp bilmejek oýnuma salmaz, ýöne ýeri gelende ýüregimi diňläp, soňuna doly göz ýetirmedik oýunlara-da girmek isleýärin. Akyl we duýgular, köplenç, bir-birine garşy durýar. Biriniň isleýänini beýleki islänok, beýlekiň isleýänini başgasy islänok. Emma men, köplenç, duýgularym bilen hereket etmegi halaýaryn. Ýeňilýän wagtlarym bolýar. Netijesi agyr bolup, ruhy taýdan derbi-dagyn etse-de, duýgularym maňa ýakyn gelýär. Elbetde akylymy-da ulanýan, emma käbir zatlar meniň erkimden çykýar. Akylymyň saýlan ýoluna gitmek islemeýän, ýalňyşdygyny bilsem-de, soňunda ejir çekjegime gözüň ýetse-de, duýgularymyň saýlan ýolundan ýöremek isleýärin. Bu ýoly saýlap, begenjim, şatlygym uzak dowam etmedi, ýöne gysga wagt dowam eden şol duýgym üçin bütin ömrüme ejir çekmäge taýýar.
Biz ýolagçylar nireden gelip nirä barýanymyzy bilmeris. Belli bir ýol çyzylandyr, şony yzarlarys. Ýol bizi bir ýerden alyp, başga ýere elter, biz durup: « Eý, ýol! Men bu tarapdan gitmek islämok, beýleki tarapdan gitjek diýsek, ol bizi diňlärmi? Asla, ýol nireden islese şol tarapa». Ornuny dünýä maly bilen dolduryp bolmajak zatlar duş gelýär bu ýoluň ugrunda. Kämahal üns bermän, golaýymdan geçirenimi duýman galýaryn. Gözleýän zadymyň menden uzakdadygyny oýlap, alysdan tapjak bolýaryn. Durup oýlanyşyp, töweregime ser salanymda, elimiň aýasyndaky zady görmän, ýitirenime janym ýanýar. Bir geçen zat dolanyp gelmeýär. Durmuşyň kanuny şeýle. Bu günki elimdäki bar zady ýitirmezlik üçin şükür edýärin. Meniň üçin esasy zat wyždanym rahat ýagdaýda ýolumy dowam edip bilmek. Ýüregimdäki gussany, gerdenimdeki agyr ýüki göterip biljek güýji wyždanymdan alaryn.
Bir bakarsyň, uzyn, tükenmez görnen ýoluň soňuna gelendiris. Ýolagçy ýolda gowudan gowy, gyzykly rowaýatlar hakynda gürrüň açsa, iň soňky menzile nädip ýetenini bilmez. Ýoluň ýatdan çykmajak pursatlara baý bolmagy ýolagçynyň özüne bagly.
Laçyn RAHMANOWA.
14
64