milaya_mm
30.06.2024 15:47
Bir oğlan söýüpdir bir gözel gyzy
Gyz hem söýüpdirle jan bilen tenden
Gowuşmagyn diläpdirler Hudaýdan
Gije aýdan gündiz nurana günden

Şeýdip 18-e ýetipdir oğlan
Hoş diýip gulluga gidipdir oğlan
Ölmesem mydama bile bolarys
Diýip gyza wada beripdir oğlan

Gyz hem hoşlaşypdyr ýaş aýlap göz
Garaşýan diýipdir jan bilen tenden
Menä söýgümize dönüklik etmen
Sağ aman git arkaýyn bol sen menden

Aradan bir ýyl wagt geçipdir onsoň
Bilbile hat geldi ol ajap gülden
Çaltrak geljek bol satýarlar meni
Gam-gussa laýyna atýarlar meni

Gelip äkit meni bolaly bile
Sen bilbile meňzäp men gyzyl güle
Egerde gelmeseň gelinalyja çenli
Özümi ýakaryn çygalgam belli

Baryp afiserdan ruhsat sorady
Öýüne barynça uzak arady
Küýünde alada gözünde ýaşy
Ol hata ýüregi para-parady

Otluda iki gün ýöredi oğlan
Gije ýatman ýola garady oğlan
Ýa-da oýunmyka bu ýazan haty
Eğer oýun bolsa görerin gaty

Daňa golaý zordan ýetişen oglan
Eşiklerini çykarman ylgady toýa
Seretse märeke öýleriniň daşy
Ähli märekäniň telpekli başy

Hiç zada düşunmän öýüne bardy
Dulda süýnüp ýatan ýaryny gördi
İr gelenem bolsam azajyk eğer
Düýbünden bu waka bolmazdy meğer

Ýetişmen öýdensiň gelinalyja çenli
Düşünýän öz-özüm aladaň belli
Wah nädeýin bu ýalançy jahana
Adamy ýuwutmak üçin gerek bahana

3-ni 7-sin sowdyda oğlan
Soňra ýene gulluga ugrady oglan
Gulluga ýetmänkä baryp dessine
Gül goýdy täze gabryň üstüne

Uzak ýaşaman inni gülüm sensiz
Sen hem oňýan dälsiň ol ýerde mensiz
Nesibede ýok eken ýaşamak bile
Men bilbile meňzäp sen gyzyl güle

Soňra ýene ugrady gulluga tarap
Gabyr daşlaşynça yzyna garap
Otluda iki gün uzak ýol ýöräp
İnede gulluga gelip ýetdi ol

Bir gün daşaryk çykyp aftamat aldy
Ol gün oň ömrüniň iň soňky günidi
Bir giden oky gursagyna diräp
Oklaryň barsyny gursakdan saldy

Ol sese ylgaşlap esgerler bardy
Ýöne gynansagam eýýäm giç boldy
Ol oğlan hyrkyldap jan berip ýatyr
Ýanyndada ol gyzyň suraty ýatyr

Yzynda ýazylgy bagyşla meni
Bagtly edip başarmadym men seni
Diýip aşyklaryň ýatyr göz ýaşy
Bagyşla ezizim bagyşla meni...




GİÇ BOLMANKA ÄHLİ SÖÝENLERİMİZİŇ GDRYNY BİLELİŇ!
20
83
angelface
5 Iýul 2024
😒😔😪🥵😭😢
ilmir
30 Iýun 2024
Yenede bolsa cykarayda seydip
ilmir
30 Iýun 2024
😥😭😭😭
flowers_
30 Iýun 2024
Awtoryny bileñokmy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.