Kän gezek degdiler meniň göwnüme,
Dişlerimi gysdym, bermän gaýtargy.
Daş bilen urany urmasaň daşlap,
Diýdi biri heýem pälden gaýdarmy?
Men bolsa ýöredim öňki ýolumdan,
Başarmadym özge göwün ýykmany.
Çünki pederlerden galan görelde,
Meniň üçin barja zatdan hökmany.
Çagadym, barýarkak ýolda bir serhoş,
Degipdi göwnüne eziz pedermiň.
Menem şonda oňa sowal beripdim,
Näme kaka, edýäňmi ýa hederi?
Agzyna geleni samrap dura ol,
Gorkýaňmy ýa, sen ol serhoş daýydan?
Diýipdi ol: "Men hiç kimden gorkamok,
Diňe gorkýan ýokardaky Hudaýdan.
Hudaýyň garganna menem gargasam,
Ol mertlik däl, namartlyk bor jan oglum.
Goý harlan harlasyn Allaň mülkini,
Ol mülki harlama, ysmasyn bognuň.
Niýetiň päk bolsun, duzuňy hakla,
Alladan özgeden etmegin heder.
Bihasap zat ýokdur, ýadyňda sakla,
Her kim eder-eder, özüne eder."