flowers_
29.06.2024 23:05

“Dür däneler hem-de merjen monjuklar” atly kitapdan.

Kyssalar.

•Miras galjak iň ýagşy zat ylymdyr. Ylym bilen edilen amal abraý, mertebe getirer.

•Ýagşylygy bilmezlik iň ýaman zatdyr.

•Iň mäkäm gala sabyr bilen takatdyr, iň bähbitli amal köpçüligiň oňlan işidir.

•Durmuşdan many almaýan melamata duçar bolar.

•Nadan adam pursatlara bil baglar. Akylly adam bolsa zerurlyga görä döwlet gazanmaga ymtylar. Zerur sebäplerini, ýollaryny gözlemeseň öz-özünden hasyl bolýan arzuw ýokdur.

•Nebsine uýan ýoldan çykar.

•Eli açygyň ýoly açyk.

•Kim bol berekedi bisarpa tutsa, betbagtlyk daňysyny çözer.

•Synagdan öňürti dostuňa ynanma, taýynlykdan öňürti duşmanyňa topulma.

•Kim seniň syryňy bilse döwletiňe eýelik etdigidir.

•Ýalňyz pikir ýalňyşdyrar.

•Haramzadalara ýagşylyk etseň döwletiň dagar.

•Kimiň düşünjesi pes bolsa duşmany rüstem geler.

Jepbar HEMRAÝEW.

18
76
kolinm
30 Iýun 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
t_ayp
29 Iýun 2024
@flowers_,Postlarym göwnüňize ýaran bolsa şat :)
flowers_
29 Iýun 2024
@t_ayp, gitmän uly iş edipsiñ😊
idabdy
29 Iýun 2024
ALLAHYŇ iň gowy görýän amaly az bolsada dowamly bolýan amaldyr hadysy şerifden
flowers_
29 Iýun 2024
ýarardy*
flowers_
29 Iýun 2024
@t_ayp, 😁, belki bize ýarady
t_ayp
29 Iýun 2024
@flowers_, Men çaga şugün admini däli etdim 3 sapar post çalşyp🙈🙊hiç göwnüme ýakyn tema tapmadym goýmana
flowers_
29 Iýun 2024
@t_ayp, şeýtmesek :)
t_ayp
29 Iýun 2024
@flowers_, Umyd edýän🤞😄
flowers_
29 Iýun 2024
@t_ayp, şu gün az öýdýän giren, biraz düzediş geçirilya öýdýän, gowlanşarda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.