awadan
29.06.2024 19:44
GARRY GYZYŇ YKBALY

Hekaýa : 2-nji bolumi


Ondan soňky howluda obamyzyň "Habarçysy" ýaşaýar. Kimiň gelini göwreli, kimiň gyzy öýkeläp geldi, hemmesinden habarly. Ol Mawludadan ärini, gaýyn ene, gaýyn atasyny, ýanyndaky çagalaryny bir hatar sorap bolansoň, maňa göwünli-göwünsiz seredip:

– Sen gowumyň, ejeň gowumy?– diýdi.

–Hawa.

Deňinden geçip barýarkam maňa gynanypmy, ýigrenipmi bakanyny, hatda Mawluda birhili yşarat edenini gördüm. Onuň üç gyzy, iki ogly bar. Uly ogly meniň synpaşym. Aýry öýde ýaşaýar. Kiçi gelini özi bilen bir öýde. Iki gyzy gep-gürrüňli toý edenini eşitdim. Ikisem oňuşyp gitdi, öýdýän.

Öýe girsem, ejekelerim[1] gelen eken. Salamlaşyp bolamsoň, olaryň ýanynda oturmadym. Jigimiň irdenki gepi ýadyma düşdi, gelin bilen bile hyzmat etdim. Aşhanada jigilerimiň "gyk-waky" bilen gelin ikimiz naharlanan bolduk.

Otagyma girsem irdenki tiken köýnegim ýerinde ýok, eýesi alyp giden bolaýmasa. Ukladym.
Irden ýene-de budilnigiň sesine oýandym. Çalt turup köçe tarapky gapyny açdym. Howla suw sepdim, gelin turýança howlyny süpürip boldum. Ýene tikine oturdym. Bu gün bir işdeşim üçin döwrebap fasonly kostýum-ýupka biçdim. Äri nähilidir edarada wezipeli işde işleýär. Bir ogly, bir gyzy bar. Bir eşigi geýip, beýlekisini çykarýar. Gaýgy, aladasy ýok. Mekdepde hem wagtyny geçirmek üçin, güýmenje bolsun diýip işleýär. Eşigi biçdim welin, tikmäge ýetişmedim. Sagat ýedi bolup gelýärdi. Aşhana baryp nahar taýýarladym. Ejem turup geldi. Göwnüme bolmasa biçäre ejemiň ýüzündäki ýygyrtlar düýnkidenem köpelen ýalydy. Süýt bişirip öňünde goýdum, çörek dograp iýip başlady.

Ejemiň ýanyna oturyp:

– Eje köýnegi eýesi äkitdimi?– diýip soradym.

– Haýsy köýnek? Hä, ol ýaldrawukmy? Hawa, äkitdi.

– Hmm...

– Pulyna ýag aldyk, öýde ýag gutaran eken.

– Hä...– Näme diýjegimi bilmedim. Her gezek şunuň ýaly bolýar. Meniň sargydym taýýar bolup gelýärkä öýde bir zatlar gutarýar.

Ertirlik edinip bolýançak aşhana jigimem, gelinem girmedi. Gap-çanaklary ýuwup gelýärkäm jigimiň otagyndan geliniň sesi eşidildi.
–Gelin bolup gelenime dört ýyl boldy. Ýeke ýüzük alyp bereňok. Iki sany goç ýaly ogul dogup berenime sagbolsunyň şulmy? Başgalaryň ärleri her baýramçylykda gyzyl sowgat edýär. Dogaýsa dagy komplekt alyp berýärler… Men bilemok alyp berýäň şony!

Jigimiň gykylygy eşidildi. Ogly aglady. Gelin çagasyna "kes sesiňi" diýip, dowam etdi:

– Iň bolmanda şol gadyrly ejekeň bir aýlygyny öýe bersin. Näme, diňe sen ony bakmalymy? Olam kömek etsin-da, mugt iýip-içip ýatman.

Göz ýaşymy kynlyk bilen saklap otagyma girdim. Emma geliniň belent sesi bu ýere hem gelýärdi:

– Durmuşa çykmaýarmy indi, öýde oturman. Şunça ýaşany azmy? Güm bolup gitse otagyny çagalara bererdik. Iki çaga bilen iki otagda ýaşamak ýürege düşdi...

Çalt geýinip, bezenibem durman, köçä ylgadym. Mekdebe barýarkam, geliniň sözleri gulagymda ýaňlanýardy.

Ol çet obadaky daşkynyrak garyndaşymyzyň gyzy. Atasy köp ýyllar ozal aradan çykdy. Mekdebi gutaransoň ejesi maňa şägirtlige getiripdi. "Muny ýokary okuwda okadyp bilemok, iň bolmanda siz ýaly hünär öwrensin" diýipdi.

Şol ýyl jigimi öýlendirmekçidik. Utanjaň, edepli, zähmetkeş bolany üçin gelinlige hödürläpdim ony. Ilkiler örän gowudy. Elimi sowuk suwa urduranokdy. Meň tikip beren owadan köýneklerimi geýip "ejekejan, ejekejan" diýip bir söz aýdyp, on sapar gülýärdi.

Çaga dogrup, bäbekhanadan gelensoň, otagyna girdim. Jigimi göreýin diýip elimi uzadanymda, bäbegi kynlyk bilen elime berdi. Şondan bäri gün-günden erbetleşip barýar.

Dört sagat sapagym bardy. Okadyp, öýe bardym. Geliniň gözi çişipdir, ejem gamgyn. Näme boldy bu öýe, hemmesi bilelikde agladymyka? Elimi ýuwup aşhana, ejemiň ýanyna bardym.

Dowamy bar:
24
99
jucc
29 Iýun 2024
❤garasyan dowamyna...
t_ayp
29 Iýun 2024
Dowamyna garaşýan👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.