nabat_
29.06.2024 16:09
Maglumatlary belläp almagyň peýdalary
Tehnologiýanyň ösmegi bilen XXI asyrda adamlar köp adaty zatlardan ýüz öwrüp, tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryna örklenäýjek ýaly görünse-de, adatylyk babatynda müňýyllyklardan ybarat ömri bolan kitap, galam, depder... ýaly dünýäniň ykbalyny özgerden gymmatlyklar öz ornuny elektron nesile beýle bir berip baranok. Hernäçe täze tehnologiýalar ulanmaga ýönekeý bolsa-da, amatly bolsa-da galam we ýandepderçämizi gapdalymyzdan goýmak islemeýändigimiz köpümize mälimdir.

Hawa, käteler gazet-žurnal sahypalarynda “Ýandepderçä belläýmeli pikirler” sözbaşysyna duş gelýäris. Bu sözbaşynyň astyndaky ýazgy özüniň azlygy hem-de uzlygy bilen tapawutlanýar. Çünki ýandepderçä bellenilýän pikirler akyl eleginiň iň ownuk gözlerinden geçirilip, bu sözbaşynyň astynda jemlenýär. Biz olary ýandepderçämize bellik edenimizde has-da gysgaltmaga çalyşýarys. Çünki bellikler gysga, emma olaryň bize ýatladýan pikirleri umman ýaly giň bolmalydyr. Munuň şeýle bolmalydygyny Tomas Edison aradan çykandan soňra onuň yzynda galan 2900 sany ýandepderçe subut edýär. Albert Eýnşteýniň bolsa bir kiçijik ýandepderçesinde onuň 1910-njy ýyldan 1940-njy ýyla çenli üstünde işlän dürli subutnamalarynyň iň ownuk bölejikleri öňünden bellik edilipdir.

Bellik tutmak zerurlygy haçan ýüze çykýar?

Günüň dowamynda etjek işlerimizi meýilnamalaşdyrmakda, nämedir bir zatlary okanymyzda onuň ýüregimize jüňk bolan ýerini belläp almakda, ders wagtynda ýa-da möhüm kimdir biri bilen söhbetdeş bolup, onuň her bir aýdýan sözüni ýatda saklamaga çalyşmakda, şeýle-de durmuşda üstünlik gazanmakda bellik tutmak zerurlygy ýüze çykýar. Eger-de ýandepderçäňiz bar bolsa we siz muňa her gün özüňiz üçin zerur bellikleri edýän bolsaňyz, onda bu siziň üstünlige barýan ýoldadygyňyzy aňladýar.

Bellik tutmak – munuň özi pikirleri rejelemek, wagtymyzy tygşytlamak we ünsümizi güýçlendirmekdir. Eger-de okalan maglumatyň 20%-i, okalan hem-de diňlenilen maglumatyň 40%-i, diňlenilenden soňra ýazylyp alnan maglumatyň 60%-i ýatda galýan bolsa, onda bellik tutmak endigini ele almaga edil şu makalany okap oturan pursatyňyzdan başlaň! Derhal golaýdaky çekmeden belki-de köpden bäri ulanmagy ýatdan çykaran ýandepderçäňiziň özüňiz üçin amatly bolan sahypasyna galam dürtüň! Şeýlelikde şu ýerde nygtalýan pikirlere siz ýene-de näçe wagt geçse-de gazeti gözläp ýörmezden ýandepderçäňizden göz aýlap bilersiňiz.

Mekdep okuwçylary we ýokary okuw mekdebiň talyplary üçin bellik tutmak olaryň derslerdäki başarnyklaryny artdyrýar. Bellik tutmak okuwçynyň derse işjeň gatnaşmagyny we bar ünsüni mugallymyň gürrüň berýän temasyna gönükdirmegine ýardam edýär. Ýogsam, käte okuwçy fiziki taýdan synpda, emma pikirleri synpyň daşynda seýran edýär. Emma bellik tutup ders diňlänimizde elimiziň hereketi bilen beýnimizi derse dolulygyna gönükdirip bilýäris.


Dowamy bar...
14
9
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.