awadan
29.06.2024 10:37
GARRY GYZYŇ YKBALY

Hekaýa

Budilnigiň sesine oýandym. Sagat altyň ýary. Telefonymy ýakdym, gije hiç kim jaň etmändir. Wah, kim maňa gije jaň etsin? Tanyş-bilişler, işdeşler gije jaň etmeýär.

El-ýüzümi ýuwup geldim, tikine oturdym. Agşamky sargydy taýýar etmeli, näme-de bolsa bir som, bir som... Maşinkany takyrdatmazlyga synanyp tikip başladym.

Gelin giç uklapdy. Bir däl, iki sany kiçi çagasy bar. Ýarym sagat dagy tikdim, howludan sübsäň sesi eşidildi... Sekiziň ýarynda ornumdan turdym. Köýnek taýýar bolupdy. Ýakalary, ýeňleri keşdeli, gelinleriň owadan köýnegi. Gymmat bahaly matadan. Içimdäki höwesi kynlyk bilen basdym.

Penjiräň aňrysy ullakan bag.
Agaçlaryň ak gülleri biri-biri bilen birleşip, örän owadan manzar emele getiripdi. Şetdalyň gülnüň gözelligi şol ýerdenem adamy serhoş edýärdi. Çagalygymdan bahary gowy görýärin. Bir mahallar bahar çaglary şol bagdan çykamokdym. Häzir bular ýaly seýile wagt barmy? Az-salym beýhuş bolup galdym. Içeriden jigimiň belent sesi eşidildi:

– ... Garry gyz halyna sagat dokuza çenli ýatýar, meň heleýim hemmeden ir turup howlyny süpürip, çaý demlemelimi? Olam galsyn ýerinden. Indi on sekiz ýaşly gyz däl. Deň-duşlarynyň çagalary mekdebe gatnaýar. Iň bolmanda çaýyny özi demläp içsin, zakgunyna!...

Nämedir bir zat takyrdady. Kakasynyň sesine kiçi çagasy aglady. Gelin ony köşeşdirdi:

– Waý, boldy, boldy aglama. Kakaň saňa käýänok...

Ejemden ses çykmady. Yzyma dolandym. Mekdepde bir zatlar iýerin.

Bu gün alty sagat sapagym bardy. Naharlanmaga ýetişmedim.
Sapakdan soňra naharhana bardym, hiç zat galmandyr. Assa-ýuwaşlyk bilen öýe ugradym. Öňler öýde maňa bir mugjyza garaşýan ýaly öýe barmaga howlugýardym. Ýyllar geçdigi saýyn ädimlerim haýallaýan ýaly. Bahar şemaly ýüzümi sypap geçdi. Köçede hem agaçlar gül-günça dönüpdir. Ýöne ýolagçylar muňa biperwaý, alňasap barmaly menzillerine howlugýardylar. Köpüsi işden gelýärdi. Ýanymdan iki çagasyny çagalar bagyndan alyp, goňşy gelin geçdi. Sapagy ir gutarypdyr öýdýän, bazara barmaga hem ýetişipdir. Onuň bilen bir mekdepde işleýäris. Başlangyç synplary okadýar. Gowy gelin. Elindäki ýüküniň agyrdygyny bilip, ony çagyrdym.

– Dur, Mawluda. Eliňdäkini maňa ber!

Mawluda ýylgyryp:
– Ýok, ýok sagbol Ruhsara.– diýdi.

– Beräý, iki çaga bilen kyn bolar.

Ol:

– Ýok, sagbol– diýdi, soňra gürlemän ýöremegi gelşiksiz gördümi, söze başlady– Bazarda aýlanyp ýördüm. Kakasy jaň etdi. Işden giç gaýdýan, çagalaram al diýdi.

– Şeýlemi.

– Iki çaga bilen işlemek kyn eken. Birde ol keselleýä, birde bu keselleýä. Birde ol garagolluk edýä, birde bu.

– Hawa.

– Ýöne işlemseňem, öýdeçil bolup galýan ekeniň. Özüňe seretmänem goýaýýan ekeniň. Şonuň üçin işe başladym. Ýoldaşym ilki razy bolmady.

– Dogry– kynlyk bilen ýylgyrýan.

Ýoluň ugrunda goňşymyza gelin bolan synpdaşymyň öýi bar. Synpaşym çykaýmasyn diýip biraz howatyrlanyp, ýere bakyp ýöredim. Şükür, çykmady. Gyzjagazy bedre bilen suw sepýär. Bir örüm saçy yranýar. Ogly oýnaýar. Gygyryp, derläp top depýär. Çagalaryny göremsoň, onuň başdan geçirmesi ýadyma düşdi. Ol mekdebi gutaransoň bir ýigit bilen söýüşdi. Ata-enesi özlerine mynasyp görmän, ýigidiň ugradan sawçylaryna razylyk bermedi. Ýöne synpaşym söýgüsine wepaly bolup şol ýigit bilen gaçdy. Instituta ýaňy-ýakynda giripdi, okuwyny hem taşlady. Dogry ýoly saýlan eken. Ine, indi dört çagaň enesi bolup otyr.

Dowamy bar..
23
114
jucc
29 Iýun 2024
Dawamyna garasyan❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.