Dil öwrenmegiň aňsat ýoly.
Dil öwrenmek meselem rus dilini saýlalyň. Rus dilini bilmeýän wagtymyz " Gaty kyn" diýeris. Ýöne öwrenip bolansoň "Aňsat 5 minutda öwrenýäň". Hana şol "aňsat" sözüni diýmek üçin aşakdaky maddalary okaň.
1 Film görüň. Bir film saýlaň we rus dilinde görüň. Ikinji gezek ýene görüň bu gezek rus dilinde ýöne aşagynda türkmen (ýa-da başga bilýän diliňizde) görüň. 3-nji gezek ýene görüň ýöne türkmen dilinde ( Başga bilýän diliňizde) görüň. 4-nji gezek ýene gör rus dilinde. Eýýam köp sözi öwrenersiň. ( Bilýän aňsat däl 1 flimi 4 sapar görmek koreý dilini öwrenjek diýip görüp otyrn😵💫)
2 Kitap okaň. " Dil bilemzok nädip okaly" diýmäň okaň size gramatika taýdan kömegi köp bolar.
3 Okuwçylara degişli. Kursa gatnaň. ( Bu madda her kimiň kellesine gelendir welin ýazaýyn diýdim.) Ýöne kursa gatnasaňyz hem şulary ediň has çalt öwrenmegiňize kömek eder diýip umyt etýän.
4 Her gün öwrenen zadyňy gaýtalaň. Meselem: çöregi eliňize alaňyzda "хлеб" diýip gaýtalaň.
5 Programma geçiriň. Indi tehnologiýa ösdi indikiler bilmeýän zadyny enesinden ýa-da kitapdan soranok googldan soraýa. Kän programmalar bar öwrenmek üçin geçiriň. Iň gowy dil öwretýän programma "duolingo" okamak, gürlemek diňlemek, oýun garaz bar zat bar gaty gyzykly. (Her gün bildiriş gelýä koreý dilini öwren diýip. Meni ýatlaýan diňe duo).
Göwnüňize ýarandyr we kömek edendirin diýip umyt etýän.
Awtory:
@Stella_🖤