nabat_
28.06.2024 11:00

Pişikler hakynda gyzykly maglumatlar


Iň uly ýyrtyjy pişikler

Sibir ýa-da Amur erkek gaplaňlarynyň ortaça uzynlygy burnundan guýrugynyň ahyryna çenli 2.7 – 3.3 m. Beýikligi 1 – 1.07 m we agramy 306 kg-a çenli ýetýär. Ýiti dişli (gylyç görnüşli) bu pişikleriň uly göwrümi häzirki wagtda ýitip giden, mundan 1 million ýyl öň Günorta Amerikada ýaşan Smilodon pişikleri hasaplanýar. Onuň beýikligi 1.56 metr bolup, erkek görnüşiniň has ulularynyň agramy 500 kg-a çenli ýetipdir.

Ilkinji ak gaplaňlar

2013-nji ýylyň dekabrynda ABŞ-nyň Günorta Karolina ştatynda Saraswati atly ak bengal gaplaňy ilkinji doglan ak gaplaň hasaplanýar. Onuň kakasy ak Afrikan ýolbarsydyr.

Beýikde ýaşaýan ýyrtyjylar

Gizlin kameralar seýrek we käwagt görünýän gar barsyny (Panthera uncia) 5,800 m beýiklikdäki ýerde surata aldy. 1990-njy ýyllarda Puma dag pişigine (Demirgazyk Amerikada ýaşaýan bir reňkli dag pişigi) edil şolar ýaly beýiklikdäki ýerde, ýagny Günorta Amerikanyň Alp daglarynda gabat gelindi.

Iň kiçi barslar

Erkek arap barslaryň (Panthera pardus nimr) agramy takmynan 30 kg-a ene barslaryň agramy 20 kg–a deňdir. Bular ýaňy ýakynda ýitip barýan görnüşleriň arasynda hasaba alyndylar.

Kapasadaky iň uly ýaşly bars

Iwori atly gara bars (Panthera pardus) 1991-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda dogulýar. Ol häzirki wagtda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Frazier seýilgähinde ýaşaýar.

Gysga maglumatlar

Gar gaplaňlary uzynlygyna bökenlerinde göwresini ýedi gezek ýygyrýarlar. Iki gaplaňyň endamynyň çyzyklarynyň görnüşi birmeňzeş däldir. Ýolbarsyň arlamagy 8 km daşlykdan eşidilýär. Geçigaplaňlar arlamaýarlar, olar diňe myrlaýarlar.




Pi­şik­leriň ýabany we öýdeçi görnüşleri bo­lup, he­re­ket­le­ri bilen adam­la­ryň ün­sü­ni çek­ýärler. Eý­sem, pi­şik­le­riň nä­hi­li aýratynlyklary bar­ka?!

Pi­şik­ler gü­nüň 16 sa­ga­dy­ny uk­lap ge­çi­rip bil­ýär­ler.

1963-nji ýyl­da Fran­si­ýa­da il­kin­ji ge­zek pi­şi­k kos­mo­sa uçur­yl­ýar. Pi­şi­giň at­mos­fe­ra­nyň da­şy­na eden sy­ýa­ha­ty şow­ly ta­mam­lan­ýar.

Dün­ýä­niň äh­li ýerinde iň köp ýaý­ran öý jan­da­ry pi­şik ha­sap­lan­ýar.

Dün­ýä­de 500 mil­li­on­dan gow­rak öý pi­şi­gi­niň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar.

Pi­şi­giň il­kin­ji ka­ri­ka­tu­ra­sy “Fe­lix the cat” ady bi­len 1919-njy ýyl­da çap edil­ýär.

“Tom we Jer­ri” mult­fil­mi il­kin­ji ge­zek 1940-njy ýylda to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­ýär.

Pi­şi­giň bur­nu­nyň her ta­ra­pyn­da 12 mur­ty bol­ýar.

Pi­şik­ler oýa wag­ty­nyň üç­den bir bö­le­gi­ni öz­le­ri­ni aras­sa­la­mak bi­len ge­çir­ýär­ler.

Pi­şik­ler öz be­de­ni­nden 5-6 es­se­ uly ara­ly­ga bö­küp bil­ýär.

Öý pi­şik­le­ri­niň ag­ra­my 4-5 ki­log­ram ara­ly­gyn­da bol­ýar.

Pi­şik­ler adam­dan çalt yl­ga­ýar.

Pi­şik­ler or­ta­ça 12-15 ýyl ýa­şa­ýar.



Pişikler nämüçin boşluga seretmegi halaýarlar?


Eger siziň öýüňizde pişik bar bolsa, onuň giňişlige ýa-da hiç zat ýok diwara uzak wagtlap seredýändigine az şaýat bolan dälsiňiz. Hünärmenler munuň sebäbini düşündirdiler diýip, «Rosbalt.ru» saýty ýazýar.

Belli bolşy ýaly, pişikleriň göreji adamlaryňkydan 6-8 esse ýitidir, şonuň üçin olar örän pes ýagtylykda hem töwerekdäki zatlary oňat saýgarýarlar. Olar adam gözüne görmek mümkin bolmadyk birnäçe ýagtylyklary, mysal üçin, ultramelewşe şöhleleri hem saýgarýarlar.

Şonuň üçin, eger pişik uzak wagtlap boşluga seredýän bolsa, onda ol adamyň görüp bilmeýän haýsydyr bir hereketi tutandyrlar. Mysal üçin, olar Gün şöhlelerini ýa-da yşygyň ýagtysyndaky tozanjyklaryň uçuşyny synlaýandyrlar.



kimiñ pişijegi bar🙃🙃mnde bar ady maşa suratdakyja😻

11
121
nabat_
28 Iýun 2024
@tmyigit76, pişikler metjide girmegi rugsat berlen yeketak haywan :)
tmyigit76
28 Iýun 2024
Pişikler arassaçyl jandar diýýäler. Özlerini ýuwundyrýa. Kä wagt eýelerini hem ýalap duranny görüp bolýa.( Meň pişigim 18 sagadam ýatýandyr:))
sazsoft
28 Iýun 2024
@stella_🖤, Meňzeş ýagdaý 😐
ideallider
28 Iýun 2024
Like goýup bolanok goýjakdym👍 Mendede bar, Murka, uly gyzy Çika, kiçi gyzy Tigr🙂👍
stella_🖤
28 Iýun 2024
Pişikleri gowy görän ýöne pişigim ýok ☹️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.