nabat_
28.06.2024 08:15
Iýilýän güller hakynda…


Gündelik durmuşymyzda dürli maksatlar üçin ulanylýan güller azyklyk hökmünde hem giňden peýdalanylýar. Eýsem-de, iýip bolýan 45-den gowrak gülleriň bardygyny bilýärdiňizmi? Mysal üçin, Ýewropa ýurtlarynyň menýusynda eýýäm köp wagtdan bäri iýip bolýan güllerden taýýarlanylýan tagamlar müşderilere hödürlenýär. Soňra ol bütin dünýä ýüzüne ýaýrap başlaýar. Hatda XVI asyrda Angliýada şa aşhanasynyň aşpezçilik kitaplarynda güllerden dürli tagamlar taýýarlanyşy beýan edilipdir. Şeýle-de güllerden taýýarlanylan tagamlar Ýaponiýada meşhur bolupdyr. Mysal üçin, ýapon aşhanasynda iýilýän güllerden hrizantema köp ulanylypdyr. Güllerden tagam taýýarlanylanda olaryň iýilýändigine ýa-da däldigine ünsi çekmek zerurdyr, güller terligine ýa-da bişirilip ulanylyp bilner. Ýene-de üns bermeli zatlaryň biri-de gülleri ekologiýa taýdan arassa ýerden ýygnamaklyk bolup durýar.

Iýilýän gülleriň iýmitlik ähmiýeti
Olardan ýabany hyýar otunyň güli tagamly hem-de ysly. Ýewropada ol dürli naharlarda ulanylýar. Düzümi beden üçin ýokumly maddalara, A we C witaminlerine, efir ýaglaryna, askorbin kislotasyna, karotine, kalsiý, demir elementlerine baý. Guradylan gülleri alkogolsyz içgilere, suwuk tagamlara goşulýar.

Nastursiýa – ýiti we ajaýyp tagamly gül. Ony ösdürip ýetişdirijiler nastursiýany bagyndaky zyýankeşlere garşy göreşmekde bio-gorag hökmünde peýdalanýarlar. Nastursiýanyň duzlanan gülleri gara burçuň ýerine hem ulanylyp bilner. Düzüminde A, B1, B2 witaminleri, fitonsidler, glýukozidler, flawonoidler, ýod, kaliý, fosfor saklanýar.

Kalendula güli hem iýilýän gülleriň biridir. Düzüminde makroelementler, mikroelementler, fitogormonlar, fermentler, taninler saklanýar. Orta asyrlarda hem aşpezler tagama mämişi reňki bermek üçin hem kalendula gülüni peýdalanypdyrlar.

Gülleri iýmekligiň esasy düzgünleri
Ulanyljak güller ekologiki taýdan arassa ýerde ösdürilip ýetişdirilmeli ýa-da şeýle ýerden ýygnalyp alynmaly, himiki taýdan işlenilmedik bolmaly. Iýmitlik üçin täze ýygnalan ter güller peýdalanylmaly. Zyýanly tegmilleriň ýokdugyna üns bermeli. Allergiki näsazlygy bolanlar olary iýmekden gaça dursa ýerlikli bolar.
19
56
ideallider
28 Iýun 2024
Suratlaryny hem goýaýmaly ekeniň🙂👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.