jbmm
27.06.2024 13:10
Hormat bolsun mertebande adynda
Durmushyn oynatgy yenlesi bolma
Garyp bolup ahli zatdan yadanda
Bäsh manat pullylañ teññesi bolma

Cydaman aclykdan oljek bolsanam
Balykda et dalde gylcyk bolsanam
Atyñ astyndaky palcyk bolsanam
Gidip esheklerin gaññasy bolma

Wezipa uytgeme, uytgetmesin ci: n
Bakyp, ayagyndan asarlar geciñ
Gül wagtyn üc gunlik bahbidin ucin
Kül bolup geljegiñ töññesi bolma

Maña galsa hic ayralyk bolmasyn
Gyzlar, bu diyenmi gowne almasyn
Ayryl, tashla, aglat, aryñ galmasyn
Yone söyen yigdin yennesi bolma
-------------------------------



( Görübilman atylyan dash bar ekeni
Dushmanymy bir menzilden tanayan
Yone dosty tanamakda ish bar ekeni )

Payhasyn yoluna goyulsa gadam
Biparh goymazsyn sen yekeje zadam
Arsha cykdym diyip men menlik etme
Ucmagy, gushlardan owrendi Adam

Kä ortenip jiger daglanda bolsam
Kä ortenip kate aglanda bolsam
Ozganin gownini aldamadym men
Kate oz gownumi aldanda bolsam

Palcyga eyledim dushegin ustun
Yagshy niyet bilen dushedim assyn
Sabyrdan owadan bina gurdum men
Kanagat bezedi koshgumin ustsun

Ilki, moonca boldum soz bilyanime
Kop zatmyka diydim oz bilyanime
Nace okap nace owrendigimce
Shonca goz yetirdim az bilyanime
11
39
komekga
29 Iýun 2024
Gaty manyly goşgy
manolya
28 Iýun 2024
Manyly goşgy )
Karaleva_
27 Iýun 2024
👌🏼👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.