flowers_
27.06.2024 10:11

Bagt Köpetdagyň aňyrsyndamyka?

Biziň köpümiz bagty uzak ýerlerden gözleýäris. Emma biz hakyky bagtyň nämedigini hem bilmeýäris.Çünki biz “bagt” sözi lenç bolan derejede aňymyzda köp aýlap biperwaý bolupdyrsmy, nämemi, ony köplenç duşumyzdan geçirýän bolmagymyz hem bagty uzak ýerlerden, gymmat bahaly zatlardan gözlegimizdir…

Biz bagty naýbaşy awtomobillerden, owadan jaýlardan we gymmat düşen üstünliklerden gözlemän, belki-de, iň bir kiçijik zatlardan gözlemelidirs. Bagt biziň gazanan ýa-da ýitiren zatlarymyzda däl-de, özi içimizdedir. Mysal üçin, bagt mähir bilen berlen salamdyr, bagt – bäbejigiň ysy ýa-da çagalaryň gülkisidir. Bagt – ýylgyryp öýe giren maşgalaňy: “ hoş geldiň, mähribanym!” diýip, mähir bilen garşylamakdyr. Bagt– bu durmuşa ruhubelentlik bilen garamakdyr. Bagt – hiç bir bähbitsiz we hasapsyz söýmekdir. Şu aýdylanlary ýene-de uzaltsaň bolar. Ýöne iň soňunda şeýle bir pikire gelýärsiň: bagt biziň üçin ýat, nätanyş bir duýgy däldir.

Belki-de, biziň ony sowuk-sala we parhsyz garaýan bir duýgymyzdyr. Biz ilki özümize bagly bolan başaryp biljek zatlarymyzy ýüze çykaralyň, soňra bolsa maksada ýetmek üçin göreşeliň. Biz “başa barmaýan zatlar” üçin urnup, özümize agram salmalyň. Eger biz beýle etsek, onda ol bizi bagtsyz eder. Sebäbi biziň betbagtçylyklarymyzyň köpüsi, öz gözbaşyny höwes-isleglerimizden, häsiýetlerimizden alyp gaýdýar. Durmuşda gödeksi bolup ýaşamagyň ýerine senetkär biri ýaly ýaşamak hem çözgütsiz hasaplan köp meselelerimizi çözüp biler.

Durmuşyň bir senetdigini ýatdan çykarmalyň. Süýji ukyda ýatan mahallarymyz dünýäde müňlerçe kişiniň ejir çekýän bolmagynyň mümkindigini ýatdan çykarmalyň! Şeýle bir gijäni geçirip, ertir sag-aman örendigimiz üçin şükür edeliň!




Üýgeşik zatlardan gözlärdim bagty,
Äpet hyýallary besläp göwünde.
Asyl bagtyň çyn keşbini tanaman,
Kän-kän gezek geçipdirin deňimden.



https://turkmengazet.com.
20
63
gula
2 Iýul 2024
@geldiyevna, bagtmy, meň pikirimce maşgalaň arasynda guluship degiship agzybirlikde yashamak oz soyguli kariň okuvyň eyesi bolmak hayyrly ve imanly yanyoldasa dushmak...ve ş.m
okyyjy
27 Iýun 2024
@flowers_, 🙁gynansakda dogry
flowers_
27 Iýun 2024
@okyyjy, şony görüp bilseñ onda seniñ hakykatdanam bagtly boldugyň, şo gülkini başga zatdan gözleýänler köp.
okyyjy
27 Iýun 2024
Bagt ýokarky suratdaky çagajygyň ýüzündäki ýaly ýylgyryşda.
flowers_
27 Iýun 2024
@geldiyevna, bee, bagt ukuda diýýäñdä onda sen)
gula
27 Iýun 2024
@geldiyevna, hakyky tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaynamaz diýip bizem başlamaly shol baňkalara
flowers_
27 Iýun 2024
Ukyñ ýetmedigini*
flowers_
27 Iýun 2024
@geldiyevna, ertesi gündiz dolduraý
flowers_
27 Iýun 2024
@geldiyevna, Alla kuwwat bersin, gije ýapaýmala gündiz gyzgyna
flowers_
27 Iýun 2024
@geldiyevna, ýatladyp durmak hökmanmydy🙁, naçe gije erik bal heläk etdi öñem)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.