maral
27.06.2024 09:20


Ene söýgüsi
Bir ýetim çagany ogullyk edinen aýal, çagasyny mekdebe iberipdir. Mekdebe ilkinji gezek baryp gören oglanjygyñ üstünden beýleki çagalar " Ýetim ! Ýetim ! " diýip gülüpdirler. Ol gün oglanjyk mekdepden aglap gelipdir. Gözüni ýaşa dolduryp ejesinden " Eje, ýetim diýmek näme ?" diýip sorapdyr. Ejesi: " Ýetim diýmek - beýleki çagalar ýaly ejeleriniñ garnynda däl-de, ýüreginde ulalypsyñ diýildigi balam" diýip jogap beripdir. Oglanjyk begenip ejesini gujaklapdyr.
Ahmet Şerif Izgören "Aýañyzdaky kebelek🦋"
22
69
okyyjy
27 Iýun 2024
Atasyz-ýetimmiş, enesiz- ýesir, Garaýan ýoluňa agşam-u ertir. Aýdymdan bölek
zina
27 Iýun 2024
Manyly❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.