Jan”diýsem, janam amanat.
Men saňa näme diýsemkäm…
Telek zat diýmek — gabahat,
Men saňa näme diýsemkäm…
“Dag”diýsem, her şäherde ýok.
“Gar”diýsemem — baharda ýok.
…Seniň ýaly jahanda ýok,
Men saňa näme diýsemkäm…
Mätäç dälsiň ahyr öwgä?!
Goýma meni beýle görgä
– diýsem, gaýta, gaty görýäň,
Men saňa näme diýsemkäm...
Elenenok aň elegim.
(Wah, birje söz bar geregim…)
Eý, iki dünýä deregim,
Men saňa näme diýsemkäm?!
Gowusy, hiç zat diýmäýin.
Gideýin, soňam gelmäýin.
“Gitme, bir zat diý” diýýärmiň?!
Men saňa… näme diýsemkäm?!
Aýgül Garayeva