maral
26.06.2024 21:14
“Adam bir kitaby okap gutaranyndan soňra öňküsinden has akylly hereket etmeli, başgalaryň sözlerine has az aldanmaly, her bir zady has aýdyň görüp, has çuňňur duýup başlamalydyr. Ol: “Gözellige has gowy düşündim, sypaýyçylygym artdy, özümi has şadyýan duýdum, aň-düşünjäm giňedi; durmuşa, adamlara has gowy düşünmäge başladym, ýaşaýyşa höwesim artyp, öňkümden has dogumlandym” diýip bilýän bolsa, ine, bu onuň okanlarynyň ýerine düşendiginiň alamatydyr.

📚 Yusuf Ömeroğlu "Näme üçin okamaly ?"
20
44
maral
29 Iýun 2024
@okyyjy, 👍🏻
okyyjy
27 Iýun 2024
Ýaşuly şeýle jogap beripdir: oglum, olar tanalmak üçin okadylar, men bolsa bilmek üçin okadym.
okyyjy
27 Iýun 2024
Bir ýaşulydan sorapdyrlar: atam, sen ol pylankes bilen deňeşdirilende has köp zat bilýärsiň we amal edýärsiň. A ol bolsa sizden az bilýär we az amal edýär. Ýöne ony hemmeler tanaýar, sizi bolsa gaty az adam tanaýar. Munuň syry nämede?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.