flowers_
26.06.2024 20:00

Aýyp görýän duýgularmy ýazmagy...


Aýyp görýän duýgularmy ýazmagy,
Şoň üçin setirmi ilden gizleýän.
Hemem maňa geňirgenmäň adamlar,
Derdim gizläp ilden kömek isleýän.

Özüm bilen özüm gürleşdim şugün,
Täsin, ýalňyzlyga höwrügipdirin.
Indi öňkim ýaly aglaberemok,
Ýaralarmam sarap öwrenşipdirin.

Hawa, birazajyk dikdüşdiräk men,
Gaýgymam,
şatlygmam saklap bilmeýän.
Ýene bir zat, ölen duýgym öňünde,
Setir bilen özüm aklap bilmeýän.

Durmuş oýunlary kyn gelýär biraz,
Ýogsa olam hoşlaýamy göwnüni?!
Menem başym alyp giderin mundan,
Şonda dertden goraryn men özümi...

23:21
27.05.2023

© Enemähri GUWANOWA.



@garlawac
25
71
manolya
28 Iýun 2024
@geldiyevna, 😂😂
wolf
27 Iýun 2024
@garlawac, hindistanda bar 😌
wolf
27 Iýun 2024
@garlawac, ýatyp galmazça däl göräýdä kamfortnyja eken😅
wolf
27 Iýun 2024
@garlawac, çynym şunda gördüm 😬😅
flowers_
27 Iýun 2024
@garlawac, elleriñe, duýgularyña saglyk.
wolf
27 Iýun 2024
Ejizlik hasap edäýmäñ ýöne içim dökmũşem...(Aýdaýözüñ 😁)
wolf
27 Iýun 2024
Garlawajyñ beýle goşgusynyñ bardygyny bilemokdym, ajaýyp 👏👏🔥👌👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.