flowers_
26.06.2024 00:58

Ýüregiňizi diňläň!


Baryň huzuryna päklenip kemsiz.
Uzyn gijelerde galyň ikiçäk.
Darkaşyndan başly – barat duýgulaň
Ýürek – size sypalgadyr ýeke-täk.

Ähli hossarlardan, dosty-ýarlardan
Golaýdyr ol, iňňän golaýdyr size.
Öwrüm-öwrüm, aýlaw-aýlaw ýollaryň
Haýsynyň nireden çykarjagyny
Şol aýdar size.

Şol aýdar müşgilleň asan çözgüdin,
Şol aýdar –
Şoňkudan özge ýalandyr.
Alla owal-başda ynsan ogluny
Ýere gönderende nurundan ýasap,
Dolap ýürek atly düwünçejige
Özündenem birje bölek salandyr –
Ýürekde bolýandyr iň uly hasap.

Iň owadan ýazlar ýürege gelýär,
Iň ýowuz kyýamat gopýar ýürekde.
Ol ymgyr ummanda ýalňyz gämidir –
Jan-jedel bol – yhlas bilen kürekle!
Ýürek tämiz bolsa, ýollar tämizdir.
Ol çäji harpykdan saýlap durandyr.
Diňe gül bedeniň gülgün ganyn däl,
Ykballaryň kültem-kültem ýollaryn
Öz-özünde sazlap, aýlap durandyr.

Ýüregňizi diňläň!
Ýürek – öz dünýäňe ýalňyz gapyňdyr!
Ýüregiňizi diňläň! Syrdaşdyr size,
Size sizden ýakyndyr!

Kakamyrat REJEBOW.

23
125
flowers_
26 Iýun 2024
@geldiyevna, näçe % dolulygy, men gb, mgb düşünýän jemende däl🤦‍♀️, umuman doly bolsada şeýle bolýar, int. perslikden dälmikä diýýän menä
flowers_
26 Iýun 2024
@geldiyevna, pamýady dolumy telefonyñ
flowers_
26 Iýun 2024
@geldiyevna, name edýä goýjak boloñda
flowers_
26 Iýun 2024
@geldiyevna, kömek gerekmi))
okyyjy
26 Iýun 2024
@flowers_, hakyky🤝
flowers_
26 Iýun 2024
@okyyjy, käte şeýle-de bolýar, diýýärä😊. Iki setir sözi okanlaryny gowy görýä kopusi)
okyyjy
26 Iýun 2024
@flowers_, hawwadai mňm dawam ýok. Ondada bir post bar post bar. Tapawuly postlar tapawutlansa gowyda
flowers_
26 Iýun 2024
@okyyjy, mümkin), gözel gõwûnleri:)
flowers_
26 Iýun 2024
@okyyjy, admin
flowers_
26 Iýun 2024
@okyyjy, like hiçle, esasy göwûnlerine ýaramagy:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.