Zümerret_
25.06.2024 19:01
Her ayda bir gezek-on sekiz manat.
Her ayda bir gezek gelyärdi arman.
Her ayda on sekiz manat gelende,
Begenerdim. Enem aglardy,arman.

On sekiz manady kim beryär bize?
Kim unutman,otuz günden iberyär?
Ol niciksi yiti gözli perişde,
Bizin $ol pula-da zardygmyz göryärl?

Enem pahyr käte açyar yüregni,
Diyyär ol: "Pullary iberyär kakaň".
Men diyyärin: "Näme özi gelenok,
Bu yerde ejesi hem ogly barka?"

"Geler" diyp,göz yaşyn süpüryär enem, "Geler,agtyjagym,geler ol hökman.
Ikimiz dükana gidermiz yaly,
Ol daşda işleyär hiç yere çykman".

Garaşyp -garaşyp ,dokuz yaşadym,
On üç hem yaşadym,kakam gelmedi.
On sekiz manady iberdi durdy,
Emma hütdügmize nazar salmady.

Asyl kakam ölen eken uruşda.
Men baky yas tutdum bilenim ücün.
Döwlet beryär eken şojagaz pulam,
Frontçynyň ogly bolanym üçin.

Yöne garaşaryn ,saçam agarar ,

Yöne bilyan indi gelmez meň kakam.
On sekiz manady unutmaryn hiç,
Gursagymda ynsan yüregi barkan.

Kakalaňyzyň gadryny bilin Mähribanlar .... 💙

Atajan tagan" Kyrk yylda yazylan kitap"
18
43
fl_ower
26 Iýun 2024
👍🥰
Tayler
25 Iýun 2024
Gutlaýan 👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.