alma___
25.06.2024 13:43
HEKAÝAT

Nowşirwan Adyl weziri Buzurgmährden:
- Patyşanyň kuwwaty nämede?
diyip sorapdyr. Şonda ol şeýle jogap beripdir:
Patyşanyň kuwwaty bäş zatdadyr: Birinjisi, ynsaply bolmak. Ikinjisi, hemişe duşmandan hüşgär bolup
gezmek. Uçünjisi, alymlaryň hem at-abrayly adamlaryň hormat-sylagyny saklamak. Dördünjisi, il-ýurdy
abadan saklamak. Bäşinjisi, raýatlaryň
hal-ahwalyndan habar alyp durmak.
Aydyşlaryna görä, öz zamanasynyň
belli akyldary, Nowşirwanyň ýakyn weziri Buzurgmähr başga birnäçe
danalar bilen bäsleşipdir. Şonda olar akyldardan hiç bir kemçilik tapyp
bilmän, ahyry: Beýt:
Aýdylmadyk sözi aýda biler sen,
Aýdylany haçan ede biler sen?

Nowşirwan Adyl bir gün Yunandan:
- Ih gowy ýaşaşyş nähili ýaşaýys bolar? →
diýip sorapdyr. Ol:
Sagat hem rahat ýaşamak iň gowy yaşaýyşdyr - diýip, jogap beripdir-de, ýene sözüni dowam etdirip:
iň gowy a:t galdyrmak bolsa, ondanam gowy ebedi ýaşaýyşdyr! - diýip,
sözünin üstüni ýetiripdir.

Nowşirwan Adyl ýurdy adalatly
dolandyrmagy ýola goýmak maksady
bilen, häkimleri, begleri maslahata çagyrypdyr hem-de: Begler:
Eger uly patyşa bolaýyn diýseňiz,
goşunbaşyny syla, uly goşun toplap, halka köp salgyt salyp. baýlyk topla. Şonda duşman seni ýeñip bilmez diýipdirler.
Bu yerde Buzurgmähr olara garşy çykypdyr hem-de beglere garap, şeýle diýipdir:
Siz ýaman pikire batyp galypsyňyz. Raýata, il-güne zulum edip, olaryň
elinden alan pullaryňyz bilen goşun köpelmez. Bir ýyl zulum edersiñiz, iki ýyl zulum edersiňiz. Üçünji ýyl zulum etmekçi bolsaňyz, raýatlar daş-töwerege
dargap gider, ýurt harap bolar. Ondan
soňra salgydy kimden alarsyňyz?!
19
87
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.