alma___
24.06.2024 13:05
HEKAÝAT

Günlerin bir güni Nowşirwan Adyl birini öz welaýatlarynyň birine häkim edip iberipdir. Şonda ol oña: «Hiç wagt
halka zulum etmegin diýip, nesihat beripdir. Ol adam esli wagtlap şol welaýaty
pähim-paýhasly dolandyrypdyr. Dura-bara
köp mal-mülk toplap başlapdyr. Son ony
şeýtan ýolundan sowupdyr, halka zulum- sütem edip ugrapdyr. Hatda ol şeýle derejä baryp ýetip, bir dul oturan aýalyň
bir bölejik ýerini zorluk bilen elinden alyp. öz ýerine goşupdyr. Ol aýal öz şol
ýeriniň bahasyny soranda, ony hem bermändir. Dul aýal nalaç Nowşirwan Adyla
arz etmegi yüregine düwüdir. Medaýyn
şäherine tarap ýola düşüpdir.
Ondan soňra ol biçäre birnäçe günläp ýol ýöräp, şol şäheriň golaýyna
baryp ýetipdir. Patyşa awa giden ekeni.
Onun geljek ýoluny peýläp, bir daragtyn așagyna baryp oturypdyr. Nowşirwan Adyl keýige guş salan eken. Keýik hälki aýalyň oturan ýerine gaçyp
barypdyr. Onun yz ýanyndan patyşanyħ özi hem gelip ýetipdir.
Dul aýal yerinden turup, patyşa salam beripdir. Nowşirwan Adyl:
- Maña aýtjjak sözüñ barmy?! - diýip, ondan sorapdyr. Ol aýal bolup geçen wakany patyşa doly aýdyp beripdir.
Nowşirwan Adyl hyzmatkärlerine:
«Şu aýaly ata mündürip, pylan şähere alyp bararsyňyz, iýmek-içmek bilen üpjün edersiñiz. Menin awdan gaýdyp
gelen günüm bolsa ony Medaýyna alyp
gelersiňiz» diýip buýruk beripdir.
Patyşa şol welaýata häkim edip bellän adamyny yzyna çagyryp, onun
ornuna başga bir adamy iberipdir. Oňa:
«Pylan etrapda bir dul aýal bolmaly.
Soraşdyr-da onuň nirä gidenini bil.
Anyklanyňdan soň gelip, ähli begleriň
önünde bolan ýagdaýy
aýdyp beresin!>
diýip buýrupdyr.
Nowşirwan Adyldan
buyrugy alan adam gidip, ol dul aýalyn nirededigini soraşdyrypdyr. Gonşulary ona şeyle jogap beripdirler:
Ol aýalyn bir bölek yeri bardy.. Şonun bilen gün-güzeranyny dolandyr-
ýardy. Emma häkim onun yerini zorluk bilen elinden aldy. Indi ol aýalyň
gaýyp bolup gidenine bir aý bolup geçdi. Onun nirä gidenini bilmeyäris.
Şondan son ol adam Nowşirwan Adylyn ýanyna gaýdyp gelipdir. Günorta wagty ekeni. Ahli begler we
emirler patyşanyn ýanyna ýygnanypdyrlar. Ol gören-eşidenlerini aýdyp be-
ripdir. Şondan soňra patyşa beglere:
- Eý, begler! Şol welayata häkim bolan
begden onuň näçe mal-mülküniň bolandy-
gyny soran! diýip yüzlenipdir.
Şanyň ýakyn adamlary ön häkim bolup, dul aýalyň bir bölek ýerini elinden
alan begden: «Häzir näçe mal-mülküň bar?» diýip soranlarynda, ol:
Menin mal-mülküm su ýerde
oturanlaryň ählisininkiden köpdür diýip, jogap beripdir
- Bu ýerden ol ýere baranyňda
näçe mal-mülkün bardy? diýip soranlarynda bolsa:
- Hiç hili mal-mülküm ýokdy
diyip aýdypdyr. Nowşirwan Adyl:
Şonça mal-mülküň eýesi bolup otyrkaň, bir dul aýalyň el ýaly ýerini
zorluk bilen almak nämä gerek bolduka? diýip, ýanyndakylara ýüzlenende:
Onuň gerek zady ýok. Ol ýagşy iş etmändir diýip, begler biragyzdan
seslenipdirler.
Nowşirwan Adylyň emri bilen dul
aýaly paýtagta alyp gelipdirler. Ony
naýynsap beg bilen ýüzleşdiripdirler. Ol
aýalyň sözleri dogry çykypdyr. Patyşanyň
emri bilen dul aýalyň mülki yzyna gaýtarylyp berlipdir. Şeýle hem ona goşmaça
yüz dinar peşgeş berlipdir. Naýynsap beg
bolsa öz jeza temmisini alypdyr.
20
93
small_poet✍️
24 Iýun 2024
@Adyl_G, 😂🤣
Adyl_G
24 Iýun 2024
@geldiyevna, manyly postlary okayan howa, yone hemmesin dal 😂
alma___
24 Iýun 2024
Yssyda okabermeseñ başga iş edesiñ gelenokda @geldiyevna,
Adyl_G
24 Iýun 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.