alma___
23.06.2024 16:45
HEKAÝAT

Bir gün Nowşirwan Adyl ýakynlary
we hyzmatkärleri bilen awa çykypdyr.
Bir obanyn deninden geçip barýarkalar, segsen-togsan töweregi yaşan bir garrynyn hoz ekip ýörenine gözi
düşüpdir. Ol muna haýran galypdyr.
Sebäbi hoz pesinden yigrimi ýyldan
son miwe berip başlaýar diýen pikir
biygtyyar hakydasyna gelipdir. Şonda ol garry bilen saglyk-amanlyk soraşyp,
oña yüzlenip, seýle diýipdir:
Atam, ekyäniniz hoz agajy bolsa gerek?!
Hawwa, şahym, ekýänim hoz agajy.
- Ol miwe getirýänçä, siz ýaşarmykanyz! Şony bilyänizmi?!
Ýok, bilemok, şahym!
Onda näme üçin bu işe gümra bolup ýörsüňiz?
- Ata-babalarymyzyň eken daragtlarynyň miwesini biz häzir iýip yörüs.
Bizin ekyän daragtlarymyzyň miwesine bolsa öwlatlarymyz guwanarlar diyip umyt edyärin.
Nowşirwan Adyl garrynyn beren bu
jogabyndan hoşal bolupdyr hem de ony mün dirhem pul bilen sylaglapdyr.
Şonda garry patyşa minnetdarlyk
bildiripdir-de, şeyle diyipdir
- Hudaya şükür! Ekyàn nahallarymyz möhletinden ön ýetişip miwe
berip başlady!
Nowşirwan Adyl onuñ bu sôzlerine genirgenip:
Näme yetişdi diýýårsiniz? Hany ýetişen miwäñ?
diyip sorapdyr.
Garry patyşanyn sowgat beren mùn
dirhemini görkezip:
- Ine, şu bolmaly!
diyip jogap beripdir.
19
87
gonk
23 Iýun 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.