https://owrenmeli.app/70164-salaw.html#comment
maral
22.06.2024 22:01
Bize berlen ömür menzilinde ýan ýoldaşy saýlamaga asla gyssanmaly däl. Adyndan belli, ol biziñ hemişelik ýanymyzda boljak kişi, ömürlik hemramyz. Bir ýykylan daragty täzeden dikeldip bolmaýşy ýaly, bir döwülen göwni hem ýañadan dikeldip bolmaýar. Şonuñ üçin hem bu hakda kän oýlanmaly. "Saýlamak" hem kyn, ýöne "saýlanmak" ondanam kyn. Biz näçe gözden sypdyrsak-da, gowy ynsan dessine özüni hoşgylawlylygy, göze gelüwliligi bilen saýlanýar we saýladýar. Şeýle ýagdaýy ýaşamak, başdan geçirmek ählimiziñ ýazgydymyzda bar. Alla bizi asla taýsyz goýmaz. Şol günlere çenli özüñize diñe "her göreniñden üns talap etmegi ýa-da mähre suwsamagy" däl-de, sabyrly bolmagy öwrediñ__
19
36