awadan
22.06.2024 19:06
Boşap galan öý.Tüssä öwrülen bagt. 2- nji bölümi
SOÑKY BOLÜMİ
Gahar depä urýar, 3-4 ýyllap sen meňki men seňki diýişip söýüşen gyzy, gel gel indi alynda dost oglanynyň boýnundan aslylyp tans edip dura.
Nerw doňdy, şirin nan kesmek üçin goýulan pyçagy eline alyp batly gelen Kerimi hiç kim saklap bilmedi. Ol göni gelip geliniň dulygyna gowy bir şarpygy ýelmedi we elindäki pyçak bilen göni böwrüne sünçdi.
Dälilik katdyna ýeten Kerimi naçe oglan bolup saklap bilmediler, polisiýa bölüminiň işgärleri gelip Kerimi alyp gitdiler.
Toý ýatyryldy, gelin jan berdi. Kerimi hem gözenegiň aňyrsyna dykdylar.
3-4 aýdan Kerimi akyl taýdan akly üýtgän diýip çykaryldy we bejergi almak üçün ejesiniň ýatan hassahanasyna getirildi.
Aý gün geçip durdy. Aradan bir-iki aý geçensoň Kerim öýüne goýberildi, diňe gözegçilik astynda alynmaly diýip ejesiniň ýekeje aýal dogany Baýramsoltana berk tabşyryldy.
Hassahanyň nobatçy lukmany hassalary barlap ýörkä Orazsoltan gelnejäniň demsiz ýatanyny gördi we degerli hunarmenleri çagyryp barlag etdiler. Ol ýüregi bu durmuşyň ýoguz kynçylygyna döz gelip bilman jan beripdi .....
Baýramsoltan bolsa gyňajyň ujuny ýüzüne tutyp sessiz aglap öýine dolandy. Doganyndan galan ýeke balasy Kerimjany welin alyp gaýdyp bilmedi.
Baýramsoltan öz öýüne gelip, öz otagyna girip uly ili bilen ses edip aglady, Ýok ýok ol aglamady, ol ýuwlady .....
Onuň sesine tutuş goňşy golam bary bulara üýşdi .
Awtory:Nowca Alyýewa
19
96
gula
3 Iýul 2024
Gyzykly hekaya eken👍🏻
gula
3 Iýul 2024
@smiling_, bolandyr bolsa,her yerde akyl taydan yetmezcilikli adamlar bara, ýöne olaryňky uźe söýgi dälde anormal duygy bolup gitya "-dogruga ters"psihiki taydan nasag ve kelle beynisi 1 gyza ilişen diyen yaly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.