Islam_Atayew
22.06.2024 00:56
Aýalyň iň ejizi garyp we pulsuz wagty ýanýoldaşyny taşlaýanydyr..

Erkegiň iň ejizi we namardy sebäpsiz ýere bigünä aýal maşgala el galdyrýanydyr...

Aýalyň iň merdi maşgalany ýykmajak bolup, ýanýoldaşynyň hemme günälerini bagyşlamagy başaryp bilýänidir...

Erkegiň iñ merdi eklenjiň aladasyny aýala ýetirmeýänidir...

Aýalyň iň owadany çagalary üçin hemme zada taýýar ene bolmagy başarýanydyr..

Erkegiň iň görmegeýi beren sözünden dänmän, ýerine ýetirýänidir...

Aýalyň iň mähribany utanjaň häsiýetlisidir...

Erkegiň iň abraýlysy içgi içmeýänidir... ( Sebäbi içgi bir ýerde bolmasa, bir ýerde hökman ýalñyş hereket etdirip, gözden düşürýändir).

Iň bagtly maşgala biri- birine edil özüne ynanyşy ýaly ynanyp bilýänidir...

kitapcy
29
121
ayymsha
22 Iýun 2024
Ýurege baryan sozler 👍
ideallider
22 Iýun 2024
@loona_girl, ana şonda bagt tapsa bolar👍
flowers_
22 Iýun 2024
"Erkegiň iň abraýlysy içgi içmeýänidir"👍
loona_girl
22 Iýun 2024
Yeri gelende ayala kor bolmaly erkegem ker bolmaly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.