"Çagalaryňyzyň bolmagynyň sizi ata-ene edişi, edil fortepiýanoňyzyň barlygynyň sizi pianist edişinden artyk däldir" (Maýkl Lewin.)
"Birleri nirä barsalaram bagt getirýärler, beýlekileri nireden gaýtsalaram" (Oskar Uaýld.)
"Men şeýlebir akylly welin, käte gürleýän zadymdan ýekeje sözüne-de düşünmeýärin" (Oskar Uaýld.)
"Optimist bu dünýä mümkinleriň iň gowusy diýip hasaplaýar. Pessimist munuň çyn bolmagyndan eýmenyär" - (Robert Oppengeýmer.)
"Iň zyýanly zat - ömür. Ondan hemme kişi ölýär" (Mihail Zadornow.)
"Meşhur kişi - bu bütin ömrüne ady belli bolmak üçin yhlasly zähmet çekýän, soňunda bolsa tanalmazlyk üçin gara äýnek dakynyp gezýän adamdyr" (Fred Allan.)
"Adamy ýazgarmazdan öň onuň köwşinde bir mil geç. Mundan soň bolsa tapawudy näme? Ol senden bir mil yzda, a sende bolsa onuň köwşi!" (Billi Konnolli.)
"Harby ýesir - bu ilki seni öldürjek bolýan hem-de şowsuzlyga uçrandan soň senden özüni öldürmezligi haýyş edýän adamdyr" (Uinston Çerçill.)
"Şöhle sesden çalt ýaýraýar. Ine näme üçin käbir adamlar gepleýänçäler has nurana görünýärler" (Stiwen Raýt.)
"Gowy adam - bu nejisligi lezzet almazdan edýän kişidir" (Sergeý Dowlatow.)
"Dünýäni özgertjek bolsaňyz ýeke wagtyñyz ediň, öýlenenñizden soñ hatda teleýaýlymy-da başgasyna geçirip bilmersiňiz" (Näbelli awtor.)
"Men bu çykyşyň maňa ýarandygy üçin däl-de, onuň gutarandygy üçin çapak çaldym" (Näbelli awtor.)
"Ýigitler, men çagalara ynanamok. Olar bu dünýä biziň ornumyza geldiler" (Stiwen Kolbert.)
"Eger-de hatyn erkege ol iň akylly diýip aýdýan bolsa, onda ol ikinji bir şo derejede akmagy tapmajagyny anyk bilýändir" (Faina Ranewskaýa.)
"Sarkazm (kinaýa, teýene) bu haçan-da siziň ýüzüňize ýakymsyz bir zat aýtmakçy bolnanda ulanylýan ýaşyryn sözleýiş usulydyr" (Näbelli awtor.)
"Sarkazm akmaklary olara bildirmän masgara etmäge mümkinçilik berýär" (Näbelli awtor.)
"Taryh bize, adamlaň we halklaň haçan-da galan ähli usullary ulanyp, paltasy daşa degenden soň parasatly hereket etmäge başlaýandyklaryny öwredýär" (Abba Ebon.)
"Wagt bejerýär. Ýöne ondan soň diri galmagy başaran ýok" (Mihail Mamiç.)
"Bilim - bu adam mekdepde öwrenen hemme zatlaryny ýadyndan çykaransoň galýan zatdyr" (Albert Eýnşteýn.)
"Adamlaň näme pikir edýändigi hakynda ynjalykdan gaçmaň. Olar muny beýlebir ýygy-ýygydanam edip barmaýarlar" (Näbelli awtor.)
"Hemme zady biler ýaly men o derejede ýaş däl" (Oskar Uaýld.)
"Çyn jalbaryny geýyänçă, ýalan dünýäň ýarysyny aýlanmaga ýetişýär" (Uisnton Çerçill.)
"Durmuş agyr, ýöne eger-de sen akmak bolsaň, ol hasam agralýar" (Jon Ueýn.)
"Iň soňundan gülme - birdenkä saña: "Hemmelerden giç ýetýär" diýip pikir edäýmesinler" (Mihail Mamiç.)
"Eger-de hemme zat gowy barýan bolsa, diýmek onda siz nämedir bir zady ünsden düşürensiňiz" (Merfiniň kanuny.)
"Eger-de siz özüňiziň barlygyňyz-ýoklugyňyz hiç kimi gyzyklandyrmaýandyr öýdýän bolsaňyz, onda bergiňizi wagtynda bermän görüň!" (Näbelli awtor.)
"Goýnuň ömründe esasy zat - sürüdäki öz ornuny tapmak" (Mihail Mamiç.)
Dürli internet materiallaryndan terjime edilip taýýarlandy.